Soňky habarlar

Arhiw

Täjigistan Respublikasynyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedowa gutlag hatyny iberdi

21:4527.01.2023
0
19871

Täjigistan Respublikasynyň Prezidenti Emomali Rahmon 27-nji ýanwarda täjik-türkmen diplomatik gatnaşyklarynyň ýola goýulanyna 30 ýylyň dolmagy mynasybetli Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedowy gutlady.

Türkmen döwlet habarlar gullygynyň resmi saýtynda ýerleşdirilen gutlagda şeýle diýilýär: «27-nji ýanwarda täjik-türkmen diplomatik gatnaşyklarynyň ýola goýulanyna 30 ýyl doldy. Iki ýurduň özara gatnaşyklarynyň täze taryhynda möhüm ähmiýeti bolan bu şanly sene mynasybetli Size hem-de Türkmenistanyň dostlukly halkyna tüýs ýürekden gutlaglarymy, iň gowy arzuwlarymy beýan edýärin.

Täjigistanyň we Türkmenistanyň halklarynyň arasyndaky dost-doganlyk hem-de netijeli hyzmatdaşlyk däpleri köpasyrlyk taryha eýedir. Iki ýurduň köptaraply döwletara gatnaşyklarynyň pugta binýada eýedigi we onuň özara bähbitleriň dürli ugurlaryny öz içine alýandygy, häzirki wagtda strategik hyzmatdaşlygyň täze derejä çykandygy kanagatlanma döredýär.

Şu ýakymly mümkinçilikden peýdalanyp, taraplaryň ýokary derejede geçirilýän yzygiderli duşuşyklarynyň hyzmatdaşlygyň öňe ilerledilmegindäki ähmiýetini bellemek isleýärin. Biz bu ugurdaky bilelikdäki tagallalarymyzy mundan beýläk-de dowam etdireris. Öňde boljak duşuşyklarymyzyň dostluk hem-de özara bähbitli hyzmatdaşlyk gatnaşyklaryny has-da berkitjekdigine, giňeltjekdigine, onuň ýurtlarymyzyň we halklarymyzyň abadançylygynyň bähbidine täze many-mazmun bilen baýlaşdyryljakdygyna ynanýaryn.

Size berk jan saglyk, alyp barýan döwlet işiňizde uly üstünlikleri, Türkmenistanyň doganlyk halkyna bolsa parahatçylyk, ösüş we rowaçlyk arzuw edýärin».

Teswirler
Teswir ýazmak üçin içeri giriň ýa-da registrasiýa boluň