Soňky habarlar

Arhiw

Ýerewanda Türkmenistanyň Medeniýet günlerini geçirmek mümkinçiligi ara alnyp maslahatlaşyldy

12:0324.01.2023
0
44909

Türkmenistanyň Ermenistan Respublikasyndaky Adatdan daşary we Doly ygtyýarly ilçisi M.Aýazow Ermenistanyň daşary işler ministriniň orunbasary Mnasakan Safarýan bilen duşuşdy.

23-nji ýanwarda geçirilen duşuşygyň dowamynda ikitaraplaýyn gatnaşyklaryň ähli ugurlary, iki dostlukly döwletiň halkara guramalarynda hyzmatdaşlygy ara alnyp maslahatlaşyldy. Bu barada ilçihananyň resmi saýtynda habar berilýär.

Şeýle hem Türkmenistanyň Ermenistanda medeniýet günlerini, akyldar şahyr Magtymguly Pyragynyň 300 ýyllygy boýunça çäreleriň geçirilmegi, Türkmenistanyň Daşary işler ministrliginiň Halkara gatnaşyklary instituty bilen Ermenistanyň Daşary işler ministrliginiň Diplomatiki mekdebiniň arasyndaky gatnaşyklary işjeňleşdirmek baradaky meseleleriň üstünde hem durlup geçildi.

Teswirler
Teswir ýazmak üçin içeri giriň ýa-da registrasiýa boluň