Günorta Afrika Respublikasynyň DIM-niň başlygy Naledi Pandor Russiýa Federasiýasynyň daşary işler ministri Sergeý Lawrow bilen duşuşykda onuň žurnalistleriň arasynda gaty meşhurdygyny aýdyp degişdi.
Iki ýurduň DIM-niň başlyklarynyň metbugat maslahatyna ýygnanan köp sanly habar beriş serişdeleriniň wekillerini göz öňüne tutan Pandor: «Bizde hiç haçan zalda şeýle köp adam bolmandy» diýdi.
Düýn Lawrow Pretoriýa bardy, ol Afrika yklymy boýunça saparlaryny GAR-dan başlady.
Gepleşikleriň esasy meselesi Russiýa-Afrika ikinji sammitine hem-de ykdysady forumyna taýýarlyk bolar diýlip, habar berilýär. Çäreleriň ikisi hem 26-29-njy iýulda RF-niň Sankt-Peterburg şäherinde geçer. Bu barada «Gazeta.ru» ýazýar.