Tahyr Ataýewiň orkestri «Le tour de Franсe» konsertine çagyrýar

17:1522.01.2023
0
50609

Tahyr Ataýewiň ýolbaşçylygyndaky orkestr Aşgabat şäheriniň ýaşaýjylaryny we myhmanlaryny «Le tour de Franсe» konsertine tomaşa etmäge çagyrýar.

Orkestr konserte geljek myhmanlar üçin dünýä belli fransuz sazlarynyň onlarçasyny ýerine ýetirer. Olar konsertiň gyzykly hem täsirli geçjekdigini söz berýärler.

«Le tour de Franсe» konserti 9-njy fewralda Türkmenistanyň Magtymguly adyndaky milli sazly drama teatrynda geçiriler.

Konsert 19:00-da başlanar.

Giriş petekleri barada giňişleýin maglumat almak üçin şu görýän telefon belgileriňize jaň edip bilersiňiz: 559015, (+99362)532871.

Teswirler
Teswir ýazmak üçin içeri giriň ýa-da registrasiýa boluň