Top.Mail.Ru

Arhiw

Gurbanguly Berdimuhamedow kanun esasynda türkmen halkynyň Milli Lideri diýlip ykrar edildi

22:2021.01.2023
0
83877
Gurbanguly Berdimuhamedow kanun esasynda türkmen halkynyň Milli Lideri diýlip ykrar edildi
Surat: tdh.gov.tm

Türkmenistanyň Gahrymany, Hormatly il ýaşulusy, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gurbanguly Berdimuhamedow kanun esasynda türkmen halkynyň Milli Lideri diýlip ykrar edildi. Şu gün Aşgabatda geçirilen Milli Geňeşiň we ýurduň jemgyýetçilik wekilleriniň bilelikdäki maslahatynyň jemleri boýunça kabul edilen «Türkmen halkynyň Milli Lideri hakynda» Türkmenistanyň Konstitusion kanuny bolsa türkmen halkynyň Milli Lideriniň syýasy we hukuk ýagdaýyny kesgitleýär. Bu barada «Türkmenistan» gazetinde habar berilýär.

Konstitusion kanuna laýyklykda, türkmen halkynyň Milli Lideri Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň hemişelik agzasy bolup durýar. Şeýle-de Milli Lidere onuň hemişelik ýa-da wagtlaýyn bolýan ýerinde, maşgala agzalaryna döwlet goragy üpjün edilýär. Türkmen halkynyň Milli Lideriniň we onuň maşgala agzalarynyň döwlet goragy döwletiň howpsuzlyk gulluklary tarapyndan amala aşyrylar.

Teswirler
Teswir ýazmak üçin içeri giriň ýa-da registrasiýa boluň