Soňky habarlar

Arhiw

Serdar Berdimuhamedow Marydaky «Galkynyş» gaz känine bardy

23:3519.01.2023
0
25786

Şu gün Prezident Serdar Berdimuhamedow Mary welaýatyna iş saparyny amala aşyrdy. Bu barada «Watan» habarlar gepleşiginde habar berildi.

Mary şäheriniň Halkara howa menzilinden döwlet Baştutany dikuçarda tebigy gazyň ägirt uly goruna eýe bolan «Galkynyş» gaz känine tarap ugrady.

Prezident Serdar Berdimuhamedow bu ýerde alnyp barylýan işler, gaýtadan işleýän senagatyň düzümlerine döwrebap innowasion usullaryň ornaşdyrylyşy bilen gyzyklandy.

«Türkmengaz» döwlet konserniniň ýolbaşçysy B.Amanow degişli çyzgylary görkezip, «Galkynyş» gaz känindäki işleriň ýagdaýy, önümçilik desgalarynyň kuwwaty, guýularyň gurluşygynyň tapgyrlary, täze guýularyň özleşdirilişi barada hasabat berdi.

Şunda içerki sarp edijileri tebigy gaz bilen doly üpjün etmek hem-de pudagyň eksport mümkinçiliklerini artdyrmak boýunça wezipeleriň üstünlikli ýerine ýetirilmegi üçin ähli zerur tagallalaryň edilýändigi bellenildi.

Döwlet Baştutany «Galkynyş» gaz käniniň senagat taýdan özleşdirilmegine uly ähmiýet berilýändigine, onuň ulanylmaga berilmeginiň Türkmenistanyň energetika döwleti hökmündäki ornuny pugtalandyrandygyny we daşary ýurtly hyzmatdaşlar bilen netijeli gatnaşyklary giňeltmek üçin täze mümkinçilikleri açandygyny nygtady.

Prezident Serdar Berdimuhamedow bu möhüm desgadaky işleriň ýagdaýy bilen tanşyp, ýurtda täze känleri açmagyň we senagat taýdan özleşdirmegiň, pudagyň maddy-enjamlaýyn binýadyny pugtalandyrmagyň möhümdigine ünsi çekdi we bu ugurdaky işleri dowam etmegi tabşyrdy.

Döwlet Baştutany ýokary tehnologiýaly önümçilikleri döretmegiň, kabul edilen maksatnamalary üstünlikli durmuşa geçirmegiň hem-de öňde goýlan wezipeleriň ýerine ýetirilmegine jogapkärçilikli çemeleşilmeginiň zerurdygyny belledi.

Prezident Serdar Berdimuhamedow milli ykdysadyýetiň ähli pudaklarynda, şol sanda ýangyç-energetika ulgamynda amala aşyrylýan toplumlaýyn özgertmeleriň ähmiýetini nygtap, içerki sarp edijileri tebigy gaz bilen doly üpjün etmegiň hem-de ýurduň eksport kuwwatyny artdyrmagyň möhümdigine ünsi çekip, degişli ýolbaşçylara anyk tabşyryklary berdi.

Soňra Mary şäheriniň Halkara howa menziline ugran döwlet Baştutany ýolugra dikuçarda welaýatyň çäginden geçýän Garagum derýasyny synlady. Sowuk howa akymlarynyň ýurduň çägine aralaşmagy bilen derýada buz gatlagy döredi. Şoňa görä-de, onuň kenarlaryny berkitmek işine jogapkärçilikli çemeleşmek gerek diýip, Prezident Serdar Berdimuhamedow nygtady.

Teswirler
Teswir ýazmak üçin içeri giriň ýa-da registrasiýa boluň