Top.Mail.Ru

Soňky habarlar

Arhiw

Lukmanlar zenan torbalarynda döräp bilýän zyýanly täsirler barada aýtdylar

11:2617.01.2023
0
15597

Bakteriolog we wirusolog hünärmenler, şeýle-de ortopedler zenan torbalarynda bolup bilýän zyýanly täsirler dogrusynda gürrüň berdiler diýlip, «Комсомольская правда» neşirinde habar berilýär.

Torbada galyp-gaçan iýmitler ýa-da olaryň ownujak bölejikleri bakteriýalaryň giňden ýaýramagyna esas bolup biler. Şeýle-de torba oklanan agyz-burun örtügi ýa-da burun üçin ýaglyk wiruslaryň köpelmegine getirýär.

Açyk ýerlerde bakteriýalar we wiruslar, adatça, uzak ýaşamaýarlar (seýrek ýagdaýlardan başga), ýöne olara gapjykda ýa-da torbada ýaşamak bolsa örän oňaýlydyr, sebäbi bu gurşaw olar üçin ýyly, göni Gün şöhlesinden çetde we ýokumlydyr. Bu babatda ýokanç kesel hünärmen-lukmany Andreý Pozdnýakowyň pikiriçe, aýallaryň sumkalarynda wirus däl-de, bakteriýalar ýaşaýar.

Torbadaky iň howply zatlaryň biri-de darakdyr. Onda günuzyn hapa düşüp duran saçlar yzygiderli daralýar. Darakda kömelejikler ýaşap biler, bu mikroorganizmler bolsa daşky gurşawda durnukly bolup, deriniň zeperlenmegine sebäp bolup bilýär. Aýratynam, olar el torbasynda hemişe gabyk, şokolad daşlary we ş.m ýaly iýmit galyndylarynyň bolan ýagdaýynda giňden ýaýraýar. Şonuň üçin daragy wagtal-wagtal sabyn bilen ýuwup durmalydyr.

Bakteriýalar köplenç bezeg kosmetikasynda köpelýärler. Olaryň hemmesinde diýen ýaly (pomada, pudra we ş.m) stafilokok ýa-da streptokokk ýaly bakteriýalaryň ýaşamagy üçin ajaýyp gurşaw bolan ýaglar bar. Şonuň üçin başga biriniň kosmetik serişdelerini ulanmazlyk we ony öz kosmetika serişdeleriňiziň arasynda saklamazlyk maslahat berilýär. Hapalanan kosmetika dodaklaryň we bedeniň zeperlenmelerine getirip biler.

Şeýle hem trawmatolog-ortoped lukmany Artýom Sorokiniň bellemegine görä, torba, has dogrusy, onuň nädogry göterilmegi oňurganyň dik saklanmagynyň bozulmagyna sebäp bolup biler. Bir egniňizden hemişe agyr torba assaňyz, myşsalaryň ýadynyň täsiri sebäpli, myşsalar bir ýagdaýda durmak bilen, arka egrilýär, bir egin beýlekisinden beýikde bolýar. Şeýle hem, agyr torbalary götermek myşsa spazmy zerarly boýnuň agyrmagyna we kelle agyrylaryna getirýär.

Zenanlara 10-15 kg agramdan agyr torbalary götermek maslahat berilmeýär, şeýle-de ol torbalaryň öz agramy bir kilograma ýetmeli däldir. Içi köp goşly torba götermeli bolan ýagdaýyňyzda, iň oňat çözgüt rýukzak götermekdir, ol agyrlygy egniňizde we arkaňyzda deň paýlamaga mümkinçilik berýär. Rýukzak esasan-da mekdep okuwçylaryna giňden maslahat berilýär.

Teswirler
Teswir ýazmak üçin içeri giriň ýa-da registrasiýa boluň