Soňky habarlar

Arhiw

Türkmenistanyň hokkeý ýygyndysy Kazan Hockey Cup-daky çykyşyny tamamlady

11:0917.01.2023
0
26765

Türkmenistanyň hokkeý boýunça milli ýygyndysy yslam döwletleriniň we Tatarystan Respublikasynyň milli ýygyndylarynyň arasynda geçirilýän Kazan Hockey Cup halkara ýaryşyndaky çykyşyny tamamlady.

Ýer eýeleriniň, Gyrgyzystanyň we Gazagystanyň ýygyndylary bilen bir toparçada ýaryşan türkmen hokkeýçileri toparçadaky üçünji duşuşygynda Gazagystanyň güýçli we tejribeli hokkeýçilerden ybarat düzüminden 1:5 hasabynda asgyn geldi. Türkmen ýygyndysynyň ýeke-täk şaýbasyny Begenç Döwletmyradow geçirdi.

Şeýlelikde, Türkmenistanyň ýygyndysy toparçada üçünji orny eýeledi. Ilkinji duşuşygynda Tatarystanyň ýygyndysyndan 2:7 hasabynda ýeňlen hokkeýçiler ikinji duşuşykda gyrgyz ýygyndysyny 5:4 hasabynda ýeňdi.

Bu halkara ýaryş Türkmenistanyň hokkeý boýunça milli ýygyndysy üçin şu ýylyň aprel aýynda Günorta Afrika Respublikasynda geçiriljek Dünýä çempionatynyň üçünji dwizionynyň duşuşyklaryna taýýarlygyň we halkara tejribäni özleşdirmegiň möhüm tapgyryna öwrüldi. Kazanda ýaryşa gatnaşýan hokkeý jemgyýetçiliginiň wekilleri güneşli Türkmenistanda sportuň bu görnüşiniň okgunly ösýändigini aýratyn nygtadylar. Hatda toparçadaky üçünji duşuşykda türkmenistanly hokkeýçi Döwlet Hydyrow «Iň gowy oýunçy» diýlip yglan edildi we ýörite baýraga mynasyp boldy.

Şeýle hem Tatarystan bilen bilen bolan duşuşykda Aman Aganyýazow, Gyrgyzystan bilen bolan duşuşykda derwezeçi Rahman Myradow türkmen ýygyndysynyň iň gowy oýunçysy diýlip yglan edildi.

Tatarystanyň paýtagtynda geçirilýän halkara ýaryşa bolsa 13 döwletden 300-den gowrak hokkeýçiniň gatnaşýandygyny ýatladýarys.

Teswirler
Teswir ýazmak üçin içeri giriň ýa-da registrasiýa boluň