«Ýediden» HJ «Viessmann» kompaniýasynyň ýyladyjy we sowadyjy gurluşlaryny hödürleýär

17:1916.01.2023
0
36339

«Viessmann» kompaniýasynyň nemes kompaniýasynyň Türkmenistandaky distribýutory (paýlaýjysy) bolan «Ýediden» hojalyk jemgyýeti senagat maksatly ýyladyjy we sowadyjy ulgamlary hödürleýär.

«Viessmann» nebitgaz önümçiligi, senagat kärhanalary, şeýle hem ýaşaýyş jaýlary üçin 1,5-dan 120 000 kilowatta çenli kuwwatlygy bolan täsirli hem-de güýçli ýyladyjy we sowadyjy ulgamlaryny bütin dünýäde ýerleýär.

Surat: viessmann.ru

«Viessmann» kompaniýasynyň öndürýän önümleriniň hatarynda senagat kärhanalary we jemgyýetçilik gulluklary (merkezleşdirilen ýyladyş ulgamy) üçin bug gazanlary hem-de energiýa ulgamlary bar. Energiýa ulgamlary dürli görnüşli energiýa göterijiler üçin niýetlenendir: gaz, suwuklandyrylan ýangyç, Gün energiýasy we beýlekiler. Şeýle hem kompaniýa söwda we beýleki kärhanalar, şeýle hem lukmançylyk edaralary üçin senagat maksatly sowadyjy we doňduryjy ulgamlary hödürleýär.

«Viessmann» haryt nyşanly tehnikalar ygtybarlylygy we ekologiýa taýdan howpsuzlygy bilen tapawutlanýarlar. «Viessmann» 12 ýurtda 22 sany önümçilik kompaniýalaryna, 74 ýurtda önümçilige degişli ownuk kompaniýalara we wekilhanalara, şeýle hem bütin dünýäde söwda ofislerine eýelik edýär.

Surat: viessmann.ru

«Ýediden» HJ müşderilere «Viessmann» kompaniýasynyň öndürýän tehnikalaryna gije-gündizleýin ýylyň sowuk möwsüminde hem, tomus paslynda hem 12 sagadyň dowamynda tehniki bejergi hyzmatyny hödürleýär, şeýle hem tehnikalaryň ähli görnüşlerine 10 ýyl kepillik berýär.

«Viessmann» kompaniýasynyň wekilhanasynyň salgysy – «Ýediden» HJ: Aşgabat, Berkararlyk etraby, G.Kuliýew (öňki Obýezdnaýa) köç., 41-nji jaý. Habarlaşmak üçin telefon belgileri: (+993 12) 75 49 01; (+993 12) 75 48 25; (+993 64) 77 27 77.

Teswirler
Teswir ýazmak üçin içeri giriň ýa-da registrasiýa boluň