Soňky habarlar

Arhiw

Aşgabatda «Ýaşlyk ýyllarymyzyň aýdymlary» ýaňlanar

13:3016.01.2023
0
72379

Eger siz ýaşlyk ýyllaryňyzda gulagyňyzda galan aýdymlary küýsän bolsaňyz, 22-nji ýanwar gününiň agşamynda Aşgabatda geçiriljek konsertiň myhmany bolup, gulaklaryňyzyň posuny açyp bilersiňiz.

Şol gün Mukamlar köşgünde geçiriljek konsertde Türkmenistanyň görnükli estrada ýyldyzlary öz ýaşlyk ýyllarynyň meşhur aýdymlaryny ýatlarlar we geçen ýyllaryň daşary ýurt hitlerini ýerine ýetirerler.

Konsertde dünýä meşhur «Kawkaz ýesiri», «Disko tansçysy», «Alybaba we kyrk garakçy», «Titanik» ýaly filmleriň aýdymlary we sazlary ýaňlanar.

Konsert 22-nji ýanwar güni agşam sagat 18-de başlanar.

Teswirler
Teswir ýazmak üçin içeri giriň ýa-da registrasiýa boluň