Soňky habarlar

Arhiw

Türkmenistanda harby mekdeplere okuwa kabul edişlik başlady

11:2916.01.2023
0
50354

Türkmenistanyň orta mekdepleriniň 8-nji synpyny şu ýyl tamamlajak okuwçy oglanlary üçin ýurduň Goranmak Ministrliginiň ýöriteleşdirilen mekdeplerine 2023-2024-nji okuw ýyly üçin kabul edişlik başlady. Bu barada türkmen metbugaty habar berdi.

Bu mekdeplerde okuwyň möhleti 4 ýyl bolar. Olarda harby taýýarlygyň esaslaryny çuňňur öwrenmek boýunça, beden we ruhy terbiýäni kämilleşdirmek boýunça işler alnyp barylýar.

Harby mekdepleriň dalaşgärleri aşakdaky resminamalaryň sanawy bilen ýerli harby wekillige arza tabşyrmalydyrlar:

  1. Dalaşgäriň ene-atasynyň onuň harby mekdebiň okuwçysy bolmagyna razydygy baradaky ýazmaça tassyklamasy (eger-de ene-atasy Türkmenistanyň çäginde ýaşamaýan bolsa, degişli resminamany Döwlet migrasiýa gullugy berýär);
  2. Ene-atasynyň pasporty;
  3. Anketa we terjimehal;
  4. Dogluş hakynda şahadatnama;
  5. Orta mekdepde ýetişigi baradaky kepilnama (1, 2 we 3 çärýekleriň bahalary);
  6. 3х4 ölçegde 6 surat, 4х6 ölçegde 4 surat, 9х12 ölçegde 2 surat;
  7. Orta mekdep tarapyndan berlen häsiýetnama;
  8. Mekdebiň direktory tarapyndan tassyklanan şahsy iş;
  9. Saglyk kartasy, ýaşaýan ýerinden saglyk ýagdaýy barada kepilnama;
  10. Sanjymlar baradaky öňüni alyş kartasy;
  11. Ýaşaýan ýeri barada kepilnama we maşgala ýagdaýy barada maglumat;
  12. Ene-atasynyň biriniň ölendigi barada kepilnama (eger-de bar bolsa);

Geçmek üçin esasy şert – mekdep maksatnamasynyň 8-nji synpa çenli ähli dersleri boýunça test-synag we türkmen dilinden diktant. Synag-testi üstünlikli tabşyran dalaşgärler umumy ýaşaýyş jaýynda ýer, dört wagtyna iýmit we dynç almak üçin gerekli serişdeler bilen üpjün ediler.

Teswirler
Teswir ýazmak üçin içeri giriň ýa-da registrasiýa boluň