Soňky habarlar

Arhiw

Nepalda ýolagçy uçary heläkçilige uçrady

10:0416.01.2023
0
33897
Nepalda ýolagçy uçary heläkçilige uçrady
Surat: snob.ru

Düýn Nepalda 72 sany ýolagçyly uçar heläkçilige uçrady, ol Nepalyň Pokhar howa menziliniň golaýynda ýere gaçdy diýip, ýurduň «Kathmandu Post» neşirine salgylanýan «Interfax.ru» habar berdi.

Uçarda 68 ýolagçy we ekipažyň dört agzasy bardy, ýolagçylaryň 15-si daşary ýurtly raýatlardy.

Ýurduň Premýer-ministri Puşpa Kamal Dahal «Yeti Airlines» awiakompaniýasyna degişli bolan uçaryň Katmandudan Pokhara uçup barýarka ýere gaçandygyny aýtdy. Pokharanyň howa menzili golaýda dabaraly açylyp, ulanmaga berlipdi. Ol häzir ýapyldy diýlip, habarda aýdylýar.

Pokhara şypahana şäheri Katmandudan 200 kilometr günbatarda ýerleşýär. Ertir awiaheläkçilik sebäpli ýurtda Milli matam güni diýlip yglan edildi.

Deslapky maglumatlara görä, heläkçilige uçaryň tehniki näsazlygy sebäp boldy.

Teswirler
Teswir ýazmak üçin içeri giriň ýa-da registrasiýa boluň