Top.Mail.Ru

Soňky habarlar

Arhiw

Türkmen aýakgap öndüriji kärhanasynda täze tehnologiýaly enjamlar ornaşdyryldy

10:1013.01.2023
0
18712

Ýakynda «Gerçek» hususy kärhanasynda deri we mata önümleriniň ölçeglerini kompýuter ulgamy arkaly sazlaýan hem-de poliproplen bilen emeli derini ýelmeýän täze tehnologiýaly enjamlar oturdyldy. Bu bolsa kärhananyň önümçiliginiň ýokary bolmagyna uly ýardam berýär ― diýip, «Türkmenistan: Altyn asyr» neşiri ýazdy.

Bu döwrebap, 550-den gowrak işgäri özünde jemleýän hususy kärhana aýakgap önümçiligi üçin niýetlenen Türkiýe Respublikasynyň kuwwatly, ösen tehnologiýaly enjamlary bilen enjamlaşdyrylypdyr. Kärhanada önümçilik bölümleriniň sekizsi bolup, olarda ýaş hünärmenler zähmet çekýär. Hususyýetçileriň tagallasy bilen bu kärhanada aýakgaplaryň üstki bölegini dokamak, peteklerini taýynlamak we boýamak, nagyşlamak, gaş bezegleri bilen timarlamak, aýakgaplaryň aşaky bölegini guýmak ýaly işler utgaşykly alnyp barylýar. Kärhanada lazer melewşe şöhleli enjamyň kömegi bilen aýakgaplary bezemek we nagyşlamak işleri hem ýola goýulýar. Öndürjilikli işleýän bölümleriň biri hem tikinçilik bölümi bolup, ezber tikinçiler bu ýerde her paslyň özüne görä aýakgaplary tikmek we üstüni bezemek işlerini ýerine ýetirýärler. Döwrebap öwüşginli aýakgaplary öndürmekde emeli deri, dürli reňkli ýüpler, polýuretan, poliwinilhlorid serişdeleri çig mal hökmünde ulanylýar. Şonuň ýaly-da ýurdumyzyň dokma toplumlarynda öndürilýän jinsi matasy we nah ýüplükler hem aýakgaplaryň esasy çig mallary bolup hyzmat edýär.

Kärhananyň işçileri aýakgap önümlerinden basga-da kiçi ýaşly mekdep okuwçylarynyň okuw esbaplary üçin niýetlenen, milli bezegler we nagyşlar bilen bezelen ýan torbalaryny, şeýle-de emeli deriden taýýarlanan gutujyklary hem öndürýärler. Harytlyk derejesi ýokary bolan bu aýakgaplara we ýokary hilli harytlara diňe bir içerki bazarlarymyzda däl-de, daşary ýurt bazarlarynda-da uly isleg bildirilýär. Kärhananyň işjanly telekeçileri ýakynda aýakgap önümçiligini giňeltmegiň hasabyna iş orunlarynyň sanyny ýene ýüz adama çenli köpeltmekligi meýilleşdirýärler. Bu bolsa hususy kärhananyň ilatyň iş üpjünçiligine goşýan uly goşandy bolar.

Teswirler
Teswir ýazmak üçin içeri giriň ýa-da registrasiýa boluň