Soňky habarlar

Arhiw

Türkmenistan we Astrahan gämi gatnawyny ösdürmekde hyzmatdaşlygyň geljegini ara alyp maslahatlaşdylar

10:0011.01.2023
1
36664

Geljek hepde Aşgabatda geçiriljek türkmen-rus işewürlik forumynyň öňüsyrasynda Astrahan sebitiniň daşary gatnaşyklar ministri Wladimir Golowkow bilen Türkmenistanyň Astrahandaky konsuly Nury Gölliýewiň arasynda duşuşyk geçirildi.

Taraplar Astrahan sebitiniň we Türkmenistanyň mundan beýläk-de ösdürilmeginiň, esasan «Demirgazyk-Günorta» halkara ulag geçelgesiniň işiniň güýçlendirilmegi bilen baglanyşyklydygyny bellediler. Bu barada « АБН-Астрахань» habar berýär.

Şu ýyl Astrahan sebitiniň portlary bilen Türkmenbaşy portunyň arasynda yzygiderli transport gatnaşygyny döretmek we sebitde Türkmenistanyň logistika merkezini gurmak meselelerini öwrenmek meýilleşdirilýär.

Astrahan sebitiniň daşary gatnaşyklar ministri Golowkow:

«Özara gatnaşyklarymyzyň şu we beýleki meseleleri indiki hepde Aşgabatda geçiriljek işewürlik forumda ara alnyp maslahatlaşylar. Oňa sebitimizden wekiliýet gatnaşar» diýdi.

Konsul Nury Gölliýew hem bu möhüm halkara çäresine taýýarlyk görmekde kömek berjekdigini aýtdy.

Teswirler
Teswir ýazmak üçin içeri giriň ýa-da registrasiýa boluň