Türkmenistanyň Prezidentiniň ýanyndaky Döwlet gullugy akademiýasynyň web saýtynda hünärmenleri taýýarlamak maksady bile, maglumat-aragatnaşyk tehnologiýalary boýunça birnäçe wideo sapaklar ýerleşdirildi.
Wideo sapaklar sanly özgertmeleri netijeli durmuşa geçirip bilýän döwlet işgärlerini taýýarlamak maksady bilen, ABŞ-nyň Halkara ösüş agentliginiň (USAID) «Has gowy dolandyryşy goldamak» taslamasynyň goldawy bilen işlenilip taýýarlanyldy. Wideo sapaklaryň üsti bilen maglumat-aragatnaşyk we kompýuter tehnologiýasynyň esaslary barada giňişleýin düşünje almak mümkin. Bu wideo sapaklar gysga wagtyň dowamynda tematiki düşünjeleri we adalgalary özleşdirmäge ýardam edip, degişli ugurda hünär bilimi ýokarlandyrmaga mümkinçilik berýär.
Ilkibaşda Türkmenistanyň Prezidentiniň ýanyndaky Döwlet gullugy akademiýasynyň diňleýjileri üçin niýetlenilen wideo sapaklaryň 10 sanysy mundan beýläk akademiýanyň web saýtynda hem ulanyjylar üçin elýeterli bolar.
Türkmenistanyň Prezidentiniň ýanyndaky Döwlet gullugy akademiýasynyň okuw meýilnamasy esasynda şeýle sanly okuw gollanmalarynyň döredilmegi diňleýjileriň we mugallymlaryň, şeýle hem halk köpçüliginiň maglumat-aragatnaşyk tehnologiýalary babatdaky bilimlerini ösdürmäge gönükdirilendir.