Türkmenistanda 2023-nji ýylyň 1-nji ýanwaryna çenli berlen bank kartlarynyň sany 5 million 177 müňden gowrak boldy diýip, Türkmenistanyň Merkezi Bankynyň metbugat gullugy habar berýär.
Soňky 5 ýylda berlen bank kartoçkalarynyň deňeşdirme statistikasy aşakdaky görnüşe eýe:
- 2019-njy ýylyň ýanwar aýynda — 3 million 190 müň 819;
- 2020-nji ýylyň ýanwar aýynda — 3 million 941 müň 320;
- 2021-nji ýylyň ýanwar aýynda — 4 million 452 müň 978;
- 2022-nji ýylyň ýanwar aýynda — 4 million 770 müň 961;
- 2023-nji ýylyň ýanwar aýynda — 5 million 177 müň 006.
Şeýle hem, Türkmenistanyň Merkezi Banky bankomatlaryň sany boýunça hem görkezijileri mälim etdi. Oňa laýyklykda, 2023-nji ýylyň 1-nji ýanwar ýagdaýyna görä, ýurtda 2 müň 144 enjam we 42 müň 131 bank töleg terminaly bar.
Häzire çenli «Internet bank» hyzmatyny ulanýanlaryň sany 932 müň 730 adama, «Mobil bank» hyzmatynyň ulanyjylary bolsa 60 müň 654 adama ýetdi.
Ýeri gelende ýatlatsak, 2021-nji ýylyň fewral aýynda Türkmenistanda sanly ykdysadyýeti ösdürmegiň 2021 ― 2025-nji ýyllar üçin Döwlet maksatnamasy hem-de ony amala aşyrmak boýunça ýerine ýetirilmeli çäreleriň meýilnamasy kabul edilipdi.