Top.Mail.Ru

Soňky habarlar

Arhiw

Döwletliler köşgüniň okuwçylaryna Täze ýyl sowgatlary gowşuryldy

22:1901.01.2023
0
37104

Şu gün Türkmenistanyň Söwda-senagat edarasynyň binasynda Täze ýyl baýramy mynasybetli dabaraly çäre geçirildi. Onuň dowamynda Döwletliler köşgünde terbiýelenilýän çagalara Prezident Serdar Berdimuhamedowyň hem-de Türkmenistanyň Milli Geňeşiniň Halk Maslahatynyň Başlygy Gurbanguly Berdimuhamedowyň adyndan sowgatlar gowşuryldy. Bu barada «Watan» habarlar gepleşiginde habar berildi.

Bellenilişi ýaly, Söwda-senagat edarasynyň binasynda gurnalan uly arçanyň ýanynda baýramçylyk ýagdaýy emele geldi. Döwletliler köşgünde terbiýelenilýän çagalary Täze ýyl bilen gutlamak üçin bu ýere baýramçylygyň esasy gahrymanlary — Aýazbabadyr Garpamyk hem-de ýetip gelen ýylyň nyşany bolan towşanjyk we birnäçe ministrlikleriň, pudaklaýyn dolandyryş edaralarynyň, jemgyýetçilik guramalarynyň wekilleri geldiler.

Ýaş zehinli çagalar bu dabarada çykyş edip, öz döredijilik başarnyklaryny görkezdiler. Bezelen arçanyň ýanynda çagalar joşgun hem-de ylham bilen goşgy aýtdylar, tans etdiler we Watany, döwlet Baştutanyny wasp edýän, şeýle-de Täze ýyl baýramyna bagyşlanan aýdymlary ýerine ýetirdiler.

Konsertiň ahyrynda ýaş zehinler Aýazbaba we Garpamyk, şeýle-de türkmen halk döredijiliginiň, dünýä halklarynyň ertekileriniň gahrymanlary bilen bilelikde çykyş etdiler.

Soňra döwletli çagalara Prezident Serdar Berdimuhamedowyň hem-de Türkmenistanyň Milli Geňeşiniň Halk Maslahatynyň Başlygy Gurbanguly Berdimuhamedowyň adyndan sowgatlar gowşuryldy. Bagtyýar çagalar bilelikde tüýs ýürekden çykýan hoşallyk sözlerini aýtdylar.

Teswirler
Teswir ýazmak üçin içeri giriň ýa-da registrasiýa boluň