Soňky habarlar

Arhiw

Russiýa Türkmenistana demir ýol infrastrukturasyny ösdürmäge kömek eder

16:0701.01.2023
0
35088

«Russiýademirýollary» (ОАО «РЖД») bilen «Türkmendemirýollary» agentliginiň arasynda demirýollary döwrebaplaşdyrmagy we Türkmenistanyň ulag toplumynyň infrastrukturasyny ösdürmegi öz içine alýan 2023 — 2025-nji ýyllar üçin hyzmatdaşlygy ösdürmek Maksatnamasyna gol çekildi.

Bu resminama 6-7-nji dekabr aralygynda geçirilen Ykdysady hyzmatdaşlyk boýunça hökümetara türkmen-rus toparynyň nobatdaky mejlisiniň çäklerinde gol çekildi.

Russiýanyň Türkmenistandaky söwda wekili Aleksandr Ýelizarowyň pikiriçe, mejlisde gol çekilen 10 sany ikitaraplaýyn şertnamanyň arasynda bu maksatnama esasylardan biridir. Onuň sözlerini TASS paýlaşdy.

Ýelizarow bu maksatnamanyň taraplaryň arasynda giň gerimli özara baglanyşygy öz içine alýandygyny aýtdy. Hususan-da, rus tarapy hünärmenleri taýýarlamaga, önümçilik işlerini sanlylaşdyrmaga we ulag geçelgelerini ösdürmäge, şeýle hem Türkmenistanyň demir ýollaryny elektrikleşdirmäge kömek eder.

Ýelizarowyň belleýşi ýaly, şu ýyl bu ugurda anyk netijelere garaşylýar. Bu maksatnamany durmuşa geçirmek üçin iş toparlary hem dörediler.

Teswirler
Teswir ýazmak üçin içeri giriň ýa-da registrasiýa boluň