Şu günler Lebap welaýatynyň ähli ýerlerinde Täze ýyl baýramy mynasybetli söwda we beýleki hyzmatlar dowam edýär.
Raýatlar bu ýerde, esasan hem maşgala bolup dynç alýarlar, dükanlarda baýramçylyk söwdasyny edýärler, kafede we beýleki ýerlerde dynç alýarlar.
«Lebap» söwda dynç alyş merkezi hemişe-de köp adamly bolýar. Çagalar bolsa attraksionlarda oýnaýarlar diýip, «Jeyhun.news» ýazýar. Telekeçiler bu güne has-da taýýarlykly gelipdirler. Jemgyýetçilik iýmitini guraýan telekeçiler bolsa müşderilerine beýlekiler bilen bir hatarda Täze ýyl tagamlaryny hem hödürleýärler.