Soňky habarlar

Arhiw

Türkmenistanyň Prezidenti Baş arçanyň ýanyndaky Täze ýyl dabaralaryna gatnaşdy

22:0730.12.2022
0
44364
Türkmenistanyň Prezidenti Baş arçanyň ýanyndaky Täze ýyl dabaralaryna gatnaşdy
Surat: tdh.gov.tm

Şu gün Prezident Serdar Berdimuhamedow «Älem» medeni-dynç alyş merkeziniň öňündäki Türkmenistanyň Baş arçasynyň ýanynda guralan Täze ýyl dabaralaryna gatnaşdy. Bu barada «Watan» habarlar gepleşiginde habar berildi.

Döwlet Baştutanyny bagtyýar körpeler Täze ýyl baýramy mynasybetli öwrenen buýsançly goşgulary bilen garşyladylar. Bu baýramçylygyň esasy gahrymanlary — Aýazbabadyr Garpamyk bolsa Türkmenistanyň Prezidentini Täze ýyl baýramy bilen gutlap, iň gowy arzuwlaryny beýan etdiler.

Soňra Prezident Serdar Berdimuhamedow geçip barýan ýylyň hem-de ýetip gelen täze ýylyň «eýeleri» bolan barsyň we towşanjygyň keşbindäki bagtyýar körpeleriň haýyşy boýunça, Aýazbabadyr Garpamyk hem-de şadyýan çagalar bilen bilelikde Baş arçanyň daşyndan aýlandy.

Bu ýerde ýaňlanan şowhunly aýdym-sazlar, Täze ýyl baýramy mynasybetli ýerine ýetirilen buýsançly çykyşlar hemmelere şatlyk paýlady.

Soňra Milli Geňeşiň Mejlisiniň Başlygy hem-de Halk Maslahatynyň Başlygynyň orunbasary, şeýle-de Hökümet agzalary şadyýan körpelere döwlet Baştutanynyň Täze ýyl sowgatlaryny gowşurdylar.

Bu ýerde ýaýbaňlandyrylan Täze ýyl dabaralarynyň ahyrynda Prezident Serdar Berdimuhamedow Täze ýyl baýramynyň esasy gahrymanlary bolan Aýazbabadyr Garpamyk hem-de bagtyýar çagalar bilen Baş arçanyň ýanynda ýadygärlik surata düşdi.

Teswirler
Teswir ýazmak üçin içeri giriň ýa-da registrasiýa boluň