Arhiw

Ministrler Kabinetiniň we Döwlet howpsuzlyk geňeşiniň bilelikdäki mejlisi geçirildi

21:3129.12.2022
0
25699
Ministrler Kabinetiniň we Döwlet howpsuzlyk geňeşiniň bilelikdäki mejlisi geçirildi
Surat: tdh.gov.tm

Şu gün Prezident Serdar Berdimuhamedow Türkmenistanyň Ministrler Kabinetiniň we Döwlet howpsuzlyk geňeşiniň bilelikdäki mejlisini geçirdi. Oňa gatnaşmak üçin Aşgabat şäheriniň we welaýatlaryň häkimleri-de çagyryldy. Bu barada «Watan» habarlar gepleşiginde habar berildi.

Mejlisiň barşynda Prezident Serdar Berdimuhamedow Türkmenistanyň Milli Geňeşiniň Mejlisi tarapyndan teklip edilýän 2023-nji ýylyň şygaryny we nyşanyny goldady hem-de tassyklady. Döwlet Baştutany 2023-nji ýyly «Arkadag Serdarly bagtyýar ýaşlar» ýyly diýip yglan edip, täze ýylyň şygaryny we nyşanyny metbugatda hem-de teleýaýlymlarda ýerleşdirmegi tabşyrdy.

Şeýle-de mejlisde Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedow «Täze ýyl baýramy mynasybetli dynç gününi geçirmek hakynda» Permana gol çekdi. Resminama laýyklykda, 2023-nji ýylyň 1-nji ýanwaryndaky dynç güni 2-nji ýanwara — duşenbe gününe geçirildi.

Döwlet Baştutany mejlise gatnaşyjylara ýüzlenip, şu ýyl Türkmenistanyň Ministrler Kabinetiniň 52 sany, Döwlet howpsuzlyk geňeşiniň 12 sany mejlisleriniň, şeýle hem 49 sany dürli döwlet maslahatlarynyň geçirilendigini belledi.

— 2022-nji ýyl tamamlanyp barýar. Bu ýyl «Halkyň Arkadagly zamanasy» ýyly hökmünde berkarar döwletimiziň taryhynda-da hemişelik galar. Geçip barýan ýylda ýurdumyzyň alyp barýan daşary we içeri syýasatynda köp işler amala aşyryldy — diýip, Prezident Serdar Berdimuhamedow aýtdy.

Bellenilişi ýaly, täze, 2023-nji ýylda-da dünýäniň birnäçe ýurtlarynyň ýolbaşçylary bilen ýokary derejedäki gepleşikleri geçirmek meýilleşdirilýär.

Döwlet Baştutany milli ykdysadyýeti ösdürmek üçin maksatnamalaýyn işleriň yzygiderli durmuşa geçirilýändigine, netijede, ähli pudaklaryň ýokary ösüş depginleriniň gazanylýandygyna aýratyn ünsi çekdi.

Şeýle-de Prezident Serdar Berdimuhamedow mejlise gatnaşyjylara ýüzlenip, olary Täze ýyl baýramy bilen gutlady. Döwlet Baştutany olaryň ählisine geljek ýylda täze üstünlikleri, rowaçlyklary hem-de halkyň ýaşaýyş-durmuş şertlerini has-da gowulandyrmak ugrunda alyp barjak işlerinde uly üstünlikleri gazanmaklaryny tüýs ýürekden arzuw edýändigini aýtdy.

Türkmenistanyň Ministrler Kabinetiniň we Döwlet howpsuzlyk geňeşiniň bilelikdäki mejlisinde wise-premýer, daşary işler ministri R.Meredow çykyş edip, mejlise gatnaşyjylaryň adyndan Prezident Serdar Berdimuhamedowy ýetip gelýän täze, 2023-nji ýyl bilen tüýs ýürekden gutlap, döwlet Baştutanyna berk jan saglygyny, uzak ömri, maşgala abadançylygyny hem-de köpugurly döwlet işinde uly üstünlikleri arzuw etdi. Wise-premýer geljek ýylyň nyşanyny we şygaryny goldandygy hem-de tassyklandygy üçin Prezident Serdar Berdimuhamedowa tüýs ýürekden hoşallyk bildirip, täze şygaryň çuňňur manysynyň bardygyny belledi.

Şeýle-de wise-premýer, daşary işler ministri R.Meredow parasatly hem-de oýlanyşykly daşary we içeri syýasaty üçin döwlet Baştutanyna tüýs ýürekden hoşallyk bildirip, mejlise gatnaşyjylaryň adyndan, halkyň we ýurduň abadançylygynyň, rowaçlygynyň bähbidine tutanýerli zähmet çekjekdiklerine, täze taryhy eýýamyň belent maksatlarynyň we wezipeleriniň üstünlikli ýerine ýetirilmegi üçin ähli bilimlerinidir tejribelerini gaýgyrmajakdyklaryna ynandyrdy.

Türkmenistanyň Ministrler Kabinetiniň we Döwlet howpsuzlyk geňeşiniň bilelikdäki mejlisinde başga-da birnäçe möhüm meselelere garaldy. Olar boýunça degişli çözgütleri kabul edip, Prezident Serdar Berdimuhamedow mejlisi jemledi.

Teswirler
Teswir ýazmak üçin içeri giriň ýa-da registrasiýa boluň