Soňky habarlar

Arhiw

Türkmenistanda 2023-nji ýylyň şygary yglan edildi

21:4329.12.2022
0
64749

Şu gün Türkmenistanyň Milli Geňeşiniň Mejlisiniň 2023-nji ýylyň şygaryny yglan etmek baradaky degişli karary kabul edildi. «Watan» habarlar gepleşiginde habar berlişi ýaly, Milli Geňeşiň Mejlisiniň bu kararyna laýyklykda, täze, 2023-nji ýyl Türkmenistanda «Arkadag Serdarly bagtyýar ýaşlar» ýyly diýlip yglan edildi. Bu barada şu gün — 29-njy dekabrda Aşgabat şäheriniň we welaýatlaryň häkimleriniň hem gatnaşmagynda geçirilen Türkmenistanyň Ministrler Kabinetiniň we Döwlet howpsuzlyk geňeşiniň bilelikdäki mejlisinde Prezident Serdar Berdimuhamedowa habar berildi.

Türkmenistanyň Milli Geňeşiniň Mejlisiniň degişli kararynda bellenilişi ýaly, 2023-nji ýylyň şygaryny «Arkadag Serdarly bagtyýar ýaşlar» ýyly diýip yglan etmek hakyndaky çözgüt her ýyly döwrebap atlandyrmak baradaky asylly däbe eýerilip, şeýle-de ýurduň ministrliklerinde, pudaklaýyn dolandyryş edaralarynda we iri jemgyýetçilik birleşiklerinde geçirilen maslahatlarda öňe sürlen hem-de ähli türkmen halky tarapyndan giňden goldanylan köp sanly teklipler nazara alnyp, döwletiň ykdysady, syýasy we medeni durmuşyna ýaşlaryň doly derejede gatnaşmagy üçin giň mümkinçilikleri döretmek, ýaş nesilleri türkmen halkynyň ruhy-ahlak däpleri, watançylyk, ynsanperwerlik we zähmetsöýerlik ruhunda terbiýelemek, olaryň jemgyýetçilik-syýasy işjeňligini, şahsy başlangyçlaryny goldamak we höweslendirmek maksady bilen kabul edildi.

Teswirler
Teswir ýazmak üçin içeri giriň ýa-da registrasiýa boluň