Gyzyl Ýarymaý Milli jemgyýetiniň wekilleri lebaply ýaşlaryň arasynda okuw maslahatlaryny geçirýärler

10:4629.12.2022
0
19128

Şu günler Türkmenistanyň Gyzyl Ýarymaý Milli jemgyýetiniň ýerlerdäki wekilleri Lebap welaýatynyň ýaşlarynyň arasynda dürli mazmunly okuw maslahatlaryny guraýarlar. Bu barada Jeyhun.news habar berdi.

Okuw maslahatlaryna lukmanlar, polisiýa edaralarynyň işgärleri hem gatnaşýarlar.

Milli jemgyýetiň Çärjew, Dänew, Darganata etraplaryndaky wekili Ereş Orunow çykyş edip, ýaşlara jemgyýetde we köpçülikde tertip-düzgüni berk berjaý etmegiň, ýangyn howpsuzlygynyň kadalaryna eýermegiň düzgünleri barada gürrüň berýär.

Özüňi we daş-töweregiňdäkileri dürli howplardan goramagyň, arassaçylyk kadalaryna eýermegiň, ilkinji lukmançylyk kömeginiň bermegiň kadalary barada aýdylanlar okuw maslahatlarynyň täsirliligini artdyrýar.

Teswirler
Teswir ýazmak üçin içeri giriň ýa-da registrasiýa boluň