Soňky habarlar

Arhiw

Türkmenabatda Türkmenistanyň görnükli estrada ýyldyzlarynyň konserti geçirildi

10:1028.12.2022
0
17166

Türkmenabat şäherindäki «Türkmeniň ak öýi» binasynda Türkmenistanyň medeniýet we sungat ussatlarynyň Täze ýyl baýramçylygy mynasybetli şowhunly konserti geçirildi.

Türkmenistanyň at gazanan artisti Döwlet Amanlykow söýgi aýdymlary bilen başlap, «Aý ýaly» we gelin-gyzlary wasp edýän aýdymlary bilen dowam etdi.

Türkmenistanyñ halk artisti Dilber Rahmanowa söýgi, özbek, ýaňy-ýakynda täzeden işlän täjik aýdymlary bilen çykyş etdi.

«Ýürek ýanyp dur» aýdymy bilen halky özüne maýyl eden aýdymçy Turkmenistanyň at gazanan artisti Guwanç Ýazmämmedow tomaşaçylar tarapyndan has-da gyzgyn garşy alyndy. Soňra konsert onuň «Duýaňokmy», «Ýar diýme», «Çagyr meni!» atly aýdymlary bilen dowam etdi.

Yz ýanyndan Türkmenistanyň at gazanan artisti Ahmet Atajanow «Mährim», «Zülpüň seniň» , «Näzik» ýaly söýgi aýdymlary bilen çykyş etdi. Soňra aýdymçy Söhbet Kasymow iň täze aýdymlary bilen konserte gatnaşyjylaryň şatlygyny artdyrdy.

Teswirler
Teswir ýazmak üçin içeri giriň ýa-da registrasiýa boluň