Awtomobil mekdepleriniň birleşiginiň Mary welaýat şahamçasy sürüjilik okuwlaryna çagyrýar

14:2427.12.2022
0
45410

Sürüjilige ýaňy başlaýanlaryň ählisi bu işi netijeli we howpsuz özleşdirmek isleýärler. Munuň üçin bolsa hökmany suratda awtomobil mekdeplerinde hünär taýýarlyk okuwlaryny geçmek zerur bolup durýar.

Türkmenistanyň Awtomobil mekdepleriniň birleşiginiň Mary welaýat şahamçasy awtomobil sürüjilik okuwlaryny geçmäge isleg bildirýänleriň ählisini sürüjilik okuwlaryna çagyrýar.

Bu ýerde sürüjilige dalaşgärlere öňdebaryjy tehnologiýalar we enjamlar bilen üpjün edilen ýörite synplarda sürüjilik başarnyklaryny kämilleşdiriji sapaklara gatnaşmak teklip edilýär.

Okuw mekdebinde hyzmatlaryň şu hili görnüşleri hödürlenilýär: okuwyň töleglerini bank karty arkaly tapgyrlaýyn geçirmek mümkinçiligi, amatly bahalardan ýetirilýän hyzmatlar, sapaklaryň oňaýly tertibi — irden/agşam, okuwlaryň 2-3 aýlyk gysga möhletde bolmagy, sürüjileriň dürli kategoriýalar boýunça taýýarlanylmagy, her bir öwrenijä aýratyn çemeleşme, okuw sapaklarynyň türkmen hem-de rus dillerinde geçilýändigi.

Okuwlara ýazylmak üçin gerekli resminamalar: pasportyň nusgasy we asyl nusgasy, lukmançylyk kepilnamasy (№83 görnüş), saglygy barada narkologdan we psihiatrdan hat, 3x4 ölçegli 3 sany surat.

Awtomobil mekdepleriniň birleşiginiň awtomekdep.edu.tm salgyly resmi saýtynyň bardygyny we okuwa ýazylmak babatda saýtda hasaba alynmak bilen, ýörite niýetlenen ýerlere öz şahsy maglumatlaryňyzy (FAA, ýaşaýan salgysy, telefon belgisi) girizip hem-de ýokarda görkezilen resminamalaryň skanirlenen nusgalaryny ýerleşdirip bolýandygyny ýatladýarys.

Mary welaýatyndaky awtomobil mekdepleriniň salgylary we habarlaşmak üçin maglumatlary:

  • Mary welaýaty, Mary şäheri (şahamça), Ýeňşiň 50 ýyllygy köçesi, 40-njy jaý, telefon belgisi: (8-00 -522) 5 60 52;
  • Mary etraby, Hakykat daýhan birleşigi, Akbaý köçesi, 1-nji jaý, telefon belgisi: (+993 64) 33 36 61;
  • Mary etraby, Mary şäheri, telefon belgisi: (+993 64) 33 36 61;
  • Murgap etraby, S.Türkmenbaşy şäherçesi, Atabaýew köçesi, 6-njy jaý, telefon belgisi: (+993 64) 64 49 75;
  • Murgap etraby – Rowaçlyk geňeşligi, Başlangyç ýörite hünär mekdebi №8, telefon belgisi: (+993 64) 64 49 75;
  • Sakarçäge etraby, Merw etraby, 48-nji jaý, Başlangyç ýörite hünär mekdebi № 6, telefon belgisi: (+993 65) 32 23 26;
  • Wekilbazar etraby – D.Atajanow geňeşligi, telefon belgisi: (+993 61) 51 74 26;
  • Ýolöten şäheri, Azady köçesi, 51-nji jaý, telefon belgisi: (+993 62) 61 52 80;
  • Ýolöten etraby, Momataý geňeşligi, Ýöriteleşdirilen mekdep № 10, telefon belgisi: (+993 62) 61 52 80;
  • Baýramaly şäheri, telefon belgisi: (+993 62) 72 97 64;
  • Türkmengala etraby – D.Myradow köçesi, 3-nji jaý, telefon belgisi: (+993 62) 77 34 46.
Teswirler
Teswir ýazmak üçin içeri giriň ýa-da registrasiýa boluň