Soňky habarlar

Arhiw

UFC-de ýylyň iň gowy türgenleri yglan edildi

17:0926.12.2022
0
20266

Islam Mahaçýew, Aleks Pereýra we Aleksandr Wolkanowski UFC-de 2022-nji ýylyň iň gowy üç türgeni diýlip yglan edildi.

Ýylyň iň gowy türgeni hökmünde bolsa awstraliýaly Aleksandr Wolkanowski ykrar edildi. Ol ýarymýeňil agramyň häzirki çempionydyr.

Wolkanowski tamamlanyp barýan ýylda koreýaly Çen Son Jony we amerikaly Maks Holloueýi ýeňdi. Häzirki wagtda ol guramanyň umumy reýting sanawynyň hem başyny çekýär.

2022-nji ýylda Täze Zelandiýaly Israel Adesanýany ýeňen braziliýaly pälwan Aleks Pereýra sanawyň ikinji basgançagynda.

Ilkinji üçlügi braziliýaly Çarlz Oliweýrany ýeňensoň ýeňil agramda çempionlygy yglan eden Islam Mahaçýew jemleýär.

Teswirler
Teswir ýazmak üçin içeri giriň ýa-da registrasiýa boluň