Soňky habarlar

Arhiw

Türkmenistanyň Naýbaşy kubogynyň eýesi belli bolýar

10:5023.12.2022
0
30000

Şu gün ― 23-nji dekabrda futbol boýunça Türkmenistanyň Naýbaşy kubogy ugrundaky duşuşyk geçiriler. Onda 2021-nji ýylyň çempiony «Altyn asyr» bilen Kubok ýaryşynyň ýeňijisi «Şagadam» güýç synanyşar.

Türkmenistanyň Futbol federasiýasy duşuşygyň Aşgabatdaky «Nusaý» stadionynda geçiriljekdigini habar berdi.

«Altyn asyr» taryhynda bu Kuboga iň kän mynasyp bolan topardyr. «Aragatnaşykçylar» 2015-nji ýyldan ― 2021-nji ýyla çenli bassyr ýedi gezek Türkmenistanyň Naýbaşy kubogynyň eýesi boldular. Naýbaşy kubok ugrundaky duşuşyklary 2009-njy we 2011-nji ýyllarda-da geçiren «Altyn asyr» olarda garşydaşlaryndan asgyn geldi.

«Şagadam» taryhynda iki gezek (2007-nji we 2016-njy ýyllar) Naýbaşy kubok ugrundaky duşuşyga gatnaşsa-da, heniz oňa mynasyp bolup görenok.

Naýbaşy Kubogy ugrundaky duşuşyk
23.12.2022 ý. (anna)
«Altyn asyr» – «Şagadam»
Geçirilýän ýeri: «Nusaý» stadiony (Aşgabat ş.)
Başlanýan wagty: 14:00
Duşuşygyň emini: Resul Mämmedow (Aşgabat ş.)
Kömekçi eminler: Berdimämmet Atdyýew (Tejen ş.), Myrat Nurberdiýew (Aşgabat ş.)
Ätiýaçdaky emin: Ýusup Jumamyradow (Aşgabat ş.)
Gözegçi emin: Şöhrat Durdyýew (Aşgabat ş.).

Teswirler
Teswir ýazmak üçin içeri giriň ýa-da registrasiýa boluň