Turkmenportal logo
23.12.22
4089040890
Sosial ulgamda paýlaşmaktelegram iconOk iconVk iconTwitter (X) icon
Hytaýa turbageçiriji arkaly gaz ibermekde Türkmenistan birinji ýerde durýar
Hytaýa turbageçiriji arkaly gaz ibermekde Türkmenistan birinji ýerde durýar

Türkmenistan Hytaýa tebigy gaz ibermekde öňdebaryjydyr. Hytaýyň gümrük gullugynyň habaryna görä, 2022-nji ýylyň 11 aýynyň netijelerine görä, Hytaýa 9,28 milliard dollarlyk gaz eksport edildi.


Hasabatda aýdylmagyna görä, degişli döwürde bahasy 3,54 milliard dollardan gowrak gaz iberen Russiýa ikinji orunda durýar. Mýanma 1,29 milliard dollar bilen üçünji, Özbegistan 1,03 milliard dollar bilen dördünji orunda. Gazagystan bolsa 1 milliard dollarlyk gaz iberipdir.


Çeşme tebigy gazyň Hytaýa Merkezi Aziýadan Türkmenistan — Özbegistan — Gazagystan — Hytaý ugurlary boýunça hereket edýän üç turbageçiriji arkaly iberilýändigini belleýär.


Mundan başga-da, Türkmenistandan Hytaýa çenli gaz geçirijisiniň dördünji liniýasynyň gurluşygy barada ylalaşyklar bar.