Soňky habarlar

Arhiw

Raşid Meredow eýranly kärdeşi bilen türkmen gazyny Eýranyň üsti bilen daşamak barada pikir alyşdy

17:5521.12.2022
0
29294

Türkmenistanyň daşary işler ministri Raşid Meredow Eýran Yslam Respublikasynyň daşary işler ministri Hoseýin Amir Abdollahian bilen telefon arkaly söhbetdeşlik geçirdi diýip, «NCA» habar berýär.

Diplomatlar söhbetdeşlikde Aşgabat bilen Tähranyň arasyndaky ikitaraplaýyn hyzmatdaşlygy, şeýle hem sebit gün tertibindäki meseleleri ara alyp maslahatlaşdylar. Şeýle hem olar iki ýurduň arasynda özara gyzyklanylýan ugurlardaky hyzmatdaşlyk meselelerine ünsi çekip, türkmen gazynyň Eýranyň çäginden üstaşyr geçmegini möhüm hasaplaýandyklaryny mälim etdiler.

Söhbetdeşler 2023-nji ýylyň başynda bilelikdäki ykdysady toparyň mejlisini geçirmek baradaky şertnamany hem ara alyp maslahatlaşdylar.

Raşid Meredow eýranly kärdeşini Tähran bilen Aşgabadyň arasynda halkara guramalaryň çäginde möhüm hyzmatdaşlyga çagyrdy.

Teswirler
Teswir ýazmak üçin içeri giriň ýa-da registrasiýa boluň