Marynyň «Merw» futbol topary Türkmenbaşy şäherindäki kyn synagdan geçip, Türkmenistanyň futbol çempionatynyň bürünç medalyna mynasyp bolmagy başardy. Topar 28-nji tapgyrda ýerli «Şagadamy» 2:1 hasabynda ýeňdi.
Duşuşykda ýeňiji toparyň gollarynyň ikisinem Orazberdi Myradow (29, 69) geçirdi. «Şagadamyň» ýeke-täk goluny bolsa 42-nji minutda Kerim Hojaberdiýew öz adyna ýazdyrdy.
Şeýlelikde, utugyny 46-a çykaran «Merw» ýaryşy taryhynda dördünji gezek bürünç medal bilen tamamlady. 34 utukly «Şagadam» bolsa bäşinji orunda galdy.
«Ahalyň» hem çempionlygyny Türkmenbaşy şäherindäki «Şagadam» stadionynda geçirilen duşuşykdan soň yglan edendigini ýatladýarys.