19-njy dekabrda Türkmenistanyň Daşary işler ministrliginiň binasynda Türkmenistanyň daşary işler ministri Raşid Meredowyň hem-de iş sapary bilen türkmen paýtagtyna gelen Saud Arabystan Patyşalygynyň daşary işler ministri Faýsal bin Farhan Al Saudyň arasynda gepleşikler geçirildi. Bu barada Türkmenistanyň DIM-niň resmi metbugat gullugy habar berdi.
Daşary işler ministrlikleriniň ýolbaşçylary halkara guramalarynyň çäginde özara gatnaşyklaryň möhümdigini belläp, köptaraplaýyn platformalarda iki döwletiň halkara başlangyçlaryny we tekliplerini yzygiderli goldamak tejribesinden kanagatlanma bildirdiler.
Raşid Meredow hem-de Faýsal bin Farhan Al Saud ikitaraplaýyn hyzmatdaşlygyň hukuk binýadyny, şol sanda iki ýurduň raýatlarynyň bähbitlerine konsullyk goldawyny giňeltmäge taýýardyklaryny tassykladylar.
Söwda-ykdysady gatnaşyklary ara alnyp maslahatlaşylanda döwlet we hususy gurluşlaryň arasyndaky hyzmatdaşlygyň gerimini giňeltmek, maýa goýum ýagdaýyny gowlandyrmak ýaly meselelere iki ýurduň uly gyzyklanma bildirýändigi beýan edildi. Iki ýurduň işewür toparlarynyň arasyndaky gatnaşyklaryny artdyrmak maksady bilen Türkmen-saud Işewürler Geňeşini döretmegiň maksadalaýykdygyny bellenilip geçildi.
Şeýle hem, nebit-gaz we himiýa pudaklary, dokma-haly senagaty, raýat awiasiýasy pudagyndaky hyzmatdaşlygy, suw gorlaryny tygşytly peýdalanmak we çölleşmäge garşy göreş meseleleri ara alnyp maslahatlaşyldy.
Mundan başga-da, taraplar 2023-nji ýylda Er-Riýadda geçiriljek Türkmenistan bilen Saud Arabystany Patyşalygynyň arasyndaky söwda-ykdysady hyzmatdaşlyk boýunça bilelikdäki hökümetara toparynyň nobatdaky ýedinji mejlisine taýýarlyk bilen baglanyşykly meselelere garadylar.
Gepleşikleriň dowamynda diplomatlar syýasy gepleşikleri, parlamentara we söwda-ykdysady hyzmatdaşlygy, medeni-ynsanperwer alyş-çalşygy, şol sanda iki ýurduň arasyndaky maýa goýum taslamalaryny durmuşa geçirmegi güýçlendirmek üçin «Ýol kartasynyň» nokatlarynyň durmuşa geçirilmegi barada pikir alyşdylar.
Duşuşykda sebitara we halkara syýasatda özara gyzyklanma bildirilýän meseleler hem ara alnyp maslahatlaşyldy.