Ozal habar berşimiz ýaly, şu gün «Awaza» syýahatçylyk zolagynda Türkmenistanyň, Türkiýäniň we Azerbaýjanyň Prezidentleriniň üç taraplaýyn sammiti geçirildi. Rejep Taýyp Ärdoganyň sammitiň dowamynda türk dilli döwletleriň ýolbaşçylary bilen ikitaraplaýyn duşuşyklary hem boldy.
Türkmenbaşy Halkara howa menzilinde Rejep Taýyp Ärdogany Türkmenistanyň daşary işler ministri Raşid Meredow, Türkiýäniň Aşgabatdaky ilçisi Togan Oral we beýlekiler ugratdylar.
Şu günki sammitiň dowamynda üçtaraplaýyn hyzmatdaşlygyň giň mümkinçiliklerinden netijeli peýdalanmak we üç döwletiň arasyndaky özara bähbitli gatnaşyklary ösdürmek bilen bagly meselelere garaldy.