Soňky habarlar

Arhiw

«Türkmenistan» teleýaýlymy Özbegistanyň çäginde elýeterli ýaýlymlaryň sanawyna girdi

18:3514.12.2022
0
21686

«Türkmenistan» türkmen döwlet teleýaýlymy Özbegistanda jemgyýetçilik teleýaýlymlarynyň sanawyna girizildi. Şeýlelikde, Özbegistanda rugsat berlen daşary ýurt teleýaýlymlarynyň sany 50-den 192-ä çenli ýokarlandy.

Bu karar Özbegistanyň häkimiýetleri tarapyndan «dürli çeşmelerden doly we obýektiw maglumat almak üçin raýatlara mümkinçilikleri giňeltmek maksady bilen» kabul edildi diýip, Özbegistan Prezidentiniň Administrasiýasynyň ýanyndaky Maglumat we köpçülikleýin aragatnaşyk gullugynyň resmi web sahypasy habar berýär.

Sanawda täzelikleri we jemgyýetçilik-syýasy meseleleri ýaýmaga ýöriteleşen — 35, filmleri we seriallary görkezýän — 37, ylmy-populýar gepleşikleri görkezýän — 34, çagalar we ýetginjekler üçin niýetlenen — 27, sporta bagyşlanan 20 we aýdym-saz we güýmenje mazmunly 39 teleýaýlym bar. Täzelenen sanawa girizilen teleýaýlymlar tölegli teleýaýlym operatorlarynyň we üpjün edijileriniň (prowaýderleriniň) torlarynda elýeterlidir.

«Türkmenistan» teleýaýlymy 2004-nji ýylyň 12-nji sentýabrynda döredildi. Bu teleýaýlym halkara jemgyýetçiligini Türkmenistanyň gazananlary, ýurtda döwlet we jemgyýetçilik durmuşynyň ähli ugurlarynda bolup geçen özgerişler, şeýle hem maglumat ulgamyny has-da kämilleşdirmek maksady bilen döredildi. Bu teleýaýlym ýedi dilde — türkmen, rus, iňlis, fransuz, hytaý, arap we pars dillerinde ýaýlyma berilýär.

Telekompaniýanyň baş edarasy Aşgabatda ýerleşýär.

Teswirler
Teswir ýazmak üçin içeri giriň ýa-da registrasiýa boluň