Soňky habarlar

Arhiw

Awazada Serdar Berdimuhamedow bilen Ilham Aliýewiň arasynda ikiçäk gepleşikler geçirildi

13:0814.12.2022
0
29231
Awazada Serdar Berdimuhamedow bilen Ilham Aliýewiň arasynda ikiçäk gepleşikler geçirildi
Surat: president.az

Şu gün «Awaza» milli syýahatçylyk zolagyndaky Kongresler merkezinde geçirilýän Türkmenistanyň, Azerbaýjan Respublikasynyň we Türkiýe Respublikasynyň döwlet Baştutanlarynyň birinji üçtaraplaýyn sammitiniň öňüsyrasynda Prezident Serdar Berdimuhamedow Azerbaýjan Respublikasynyň Prezidenti Ilham Aliýew bilen duşuşdy.

«Türkmenistan» gazetiniň elektron neşirinde habar berlişi ýaly, ýokary derejeli duşuşykda iki ýurduň arasynda yzygiderli ösdürilýän we soňky ýyllarda hil taýdan täze many-mazmun bilen baýlaşdyrylýan özara bähbitli hyzmatdaşlyk gatnaşyklaryny birnäçe möhüm ugurlarda has-da ilerletmek bilen bagly meseleler boýunça pikir alşyldy.

Duşuşygyň barşynda halkara syýasatyň we sebitara gatnaşyklaryň meseleleri, hususan-da, ählumumy parahatçylygy, howpsuzlygy üpjün etmek, Durnukly ösüş maksatlaryna ýetmek bilen baglanyşykly meseleler boýunça iki döwletiň garaýyşlarynyň ýakyndygy we meňzeşdigi bellenildi.

Türkmen we azerbaýjan halklaryny köpasyrlyk taryh, däp bolan dostluk, ynanyşmak, özara düşünişmek gatnaşyklary, medeniýetiň we diliň umumylygy birleşdirýär. Bilelikdäki tagallalaryň netijesinde soňky ýyllarda iki ýurduň arasyndaky gatnaşyklar hil taýdan täze derejä çykaryldy, söwda-ykdysady, ylmy-tehniki, medeni-ynsanperwer hyzmatdaşlyk işjeňleşdirildi. Döwlet Baştutanlary köpýyllyk netijeli hyzmatdaşlygyň mundan beýläk-de ösdüriljekdigine ynam bildirdiler. Şunda şu gün myhmansöýer türkmen topragynda geçirilýän ýokary derejeli sammitiň möhüm ähmiýetiniň bardygy nygtaldy.

Teswirler
Teswir ýazmak üçin içeri giriň ýa-da registrasiýa boluň