Güýçli çabga Antalýade köçeleri we öýleri gark etdi

10:2113.12.2022
0
12182
Güýçli çabga Antalýade köçeleri we öýleri gark etdi
Surat: turkey.postsen.com

Türkiýäniň Ortaýer deňzi ülkesi bolan Antalýa güýçli çabga ýagdy. Tebigy hadysa zerarly käbir köçelerdir öýler suwuň astynda galdy diýip, TASS habarlar gullugy ýurduň TRT teleýaýlymyna salgylanyp habar berdi.

Mysal üçin, Gumluja şäherinde ýyladyşhanalaryny suw basdy, köprüler ýykyldy. Ýerli ýaşaýjylara gaty zerur bolmasa, köçä çykmak maslahat berilmeýär. Mekdeplerde bolsa okuwlar saklandy.

«Biz beýle çabgany soňky 50 ýylda göremzok. Heläk bolanlardyr ejir çekenler ýok, emma ýagdaý çylşyrymly» diýip, Gumluja şäheriniň häkimi Mustapa Köleogly aýdýar.

Güýçli ýagynlar sebäpli Antalýäniň Finike uezdinde hem suw basan köçelerdir öýler bar diýip, «Belta.by» saýty ýazýar.

Teswirler
Teswir ýazmak üçin içeri giriň ýa-da registrasiýa boluň