Soňky habarlar

Arhiw

Serdar Berdimuhamedow Özbegistanyň Prezidentiniň Diwanynyň ýolbaşçysyny kabul etdi

22:1412.12.2022
0
23796

Şu gün Prezident Serdar Berdimuhamedow Özbegistan Respublikasynyň Prezidentiniň Diwanynyň ýolbaşçysy Sardor Umurzakowy kabul etdi. Bu barada «Watan» habarlar gepleşiginde habar berildi.

Bellenilişi ýaly, myhman duşuşmaga döredilen mümkinçilik üçin hoşallyk bildirip, Prezident Serdar Berdimuhamedowa Özbegistan Respublikasynyň Prezidenti Şawkat Mirziýoýewiň mähirli salamyny we hoşniýetli arzuwlaryny ýetirdi hem-de türkmen döwletiniň Baştutanyny şanly sene — Halkara Bitaraplyk güni bilen gutlady. Şeýle-de ol Özbegistan Respublikasynyň Prezidentiniň Türkmenistanyň Prezidentine iberen Gutlagyny gowşuryp, özbek Lideriniň ýakynda Aşgabada bolan saparyny ýakymly duýgular bilen ýatlaýandygy baradaky aýdan sözlerini ýetirdi.

Nygtalyşy ýaly, Özbegistan Türkmenistan bilen hoşniýetli goňşuçylyk gatnaşyklarynyň mundan beýläk hem berkidilmegine möhüm ähmiýet berýär.

Prezident Serdar Berdimuhamedow gutlaglar üçin minnetdarlyk bildirip, BMG-niň Baş Assambleýasynyň degişli Kararnamalary bilen iki gezek ykrar edilen Türkmenistanyň Bitaraplyk hukuk derejesine eýe bolmagynyň 27 ýyllygynyň baýram edilýändigini belledi.

Türkmen döwletiniň Baştutany Özbegistan Respublikasynyň Prezidentine özüniň hoşniýetli arzuwlaryny aýdyp, ýurduň doganlyk Özbegistan bilen däp bolan we ynanyşmak esasynda ýola goýulýan gatnaşyklara ygrarlydygyny aýtdy.

Duşuşygyň barşynda Prezident Serdar Berdimuhamedow we myhman soňky ýyllarda türkmen-özbek gatnaşyklarynyň hil taýdan täze derejä çykandygyny bellediler. Şeýle-de soňky ýyllarda parlamentara gatnaşyklaryň hem işjeňleşdirilendigi bellenildi. Nygtalyşy ýaly, söwda-ykdysady ulgam ikitaraplaýyn gatnaşyklaryň esasy ugurlarynyň biridir. Şunuň bilen baglylykda, haryt dolanyşygynyň oňyn ösüşini saklamagyň we ýokary derejede guralan saparlaryň, gepleşikleriň çäklerinde gazanylan ylalaşyklary iş ýüzünde durmuşa geçirmegiň zerurdygy bellenildi. Şol bir wagtyň özünde hyzmatdaşlygyň geljekde täze ugurlarynyň wajypdygy barada aýdyldy. Şeýle-de medeni-ynsanperwer gatnaşyklaryň ikitaraplaýyn hyzmatdaşlygyň möhüm ugry hasaplanýandygy bellenildi.

Duşuşygyň ahyrynda Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedow hem-de Özbegistan Respublikasynyň Prezidentiniň Diwanynyň ýolbaşçysy Sardor Umurzakow dostluk we hoşniýetli goňşuçylyk däpleri esasynda berkidilen döwletara hyzmatdaşlygyň ählumumy abadançylygyň bähbidine mundan beýläk-de ösdüriljekdigine ynam bildirdiler.

Teswirler
Teswir ýazmak üçin içeri giriň ýa-da registrasiýa boluň