Top.Mail.Ru

Soňky habarlar

Arhiw

Türkmenistanyň Bitaraplygynyň 27 ýyllygy mynasybetli geçirilen konsertde dünýä halklarynyň eserleri ýerine ýetirildi

18:1512.12.2022
0
17622

Döwlet medeniýet merkeziniň Mukamlar köşgünde Halkara Bitaraplyk gününe we BMG-niň Baş Assambleýasynyň «Türkmenistanyň hemişelik Bitaraplygy» atly Kararnamany kabul etmeginiň 27 ýyllygy mynasybetli baýramçylyk konserti boldy.

«Ýurt asuda, toýlar tutýar Arkadagly Serdarym!» atly edebi aýdym-sazly kompozisiýa baýramçylyk konsertiniň başyny başlady. «Mukam» çagalar skripkaçylar toparynyň ýerine ýetirmeginde ýaňlanan «Dostluk sazlary» konsertiň dabarasyny belende göterdi. Ýaş skripkaçylar wenger, rumyn, polýak, moldowan nusgawy eserlerine degişli sazlary ussatlyk bilen ýerine ýetirdiler.

Gyrgyz, täjik, hytaý, koreý, ýapon, arap, türk, italýan, ispan, nemes, azerbaýjan, özbek, rus, hindi, iňlis we fransuz dillerinde ýerine ýetirilen aýdymlar konserte gatnaşyjylarda ýatdan çykmajak täsirleri galdyrdy. Dünýäniň ýurtlarynyň ajaýyp tebigatyny, şäherleriň gözel ýerlerini, parahatçylykda we dostlukda ýaşamagy esasy ugur edinýän dürli halklaryň özboluşly, baý däp-dessurlaryny görkezýän wideoşekiller bilen utgaşdyrylan aýdym-sazlar baýramçylyk konsertiniň derejesini, ähmiýetini belende göterdi.

«Parahatçylyk sazy, dostluk, doganlyk sazy» atly çykyş has-da täsirli boldy. Onda ýurdumyzyň belli sazandalary biri-biriniň üstüni ýetirýän we ajaýyp sazlaşykda eýran, owgan, pakistan, türkmen sazlaryny ussatlyk bilen ýerine ýetirdiler. Bu çykyş tomaşaçylar tarapyndan şowhunly el çarpyşmalar bilen kabul edildi.

Birleşen folklor — tans toparlarynyň ýerine ýetiren «Tanslar çemeni» baýramçylyk konsertiniň has-da täsirli çykyşlarynyň birine öwrüldi. Dürli halklaryň milli lybaslaryny geýnen ussat tansçylar belarus, gruzin, tatar, gazak, ukrain, ermeni tanslaryny ýokary derejede ýerine ýetirdiler. Belent ruha we joşguna beslenen tanslar sungatyň birleşdiriji güýje eýediginiň nobatdaky beýanyna öwrüldi.

Türkmen halkynyň beýik akyldar şahyry Magtymguly Pyragynyň goşgusyna döredilen «Durasyň geler» diýen aýdymy folklor toparynyň joşgunly tanslary bilen bir bitewi sazlaşygy emele getirdi. Akyldar şahyryň erkin, Garaşsyz Watan, mähriban halkynyň agzybirligi barada eden arzuwlary häzirki taryhy eýýamda doly derejede wysal boldy.

Häzirki zaman äheňinde ýerine ýetirilen «Läle» ajaýyplygy, täsirliligi bilen tapawutlandy. Ýurdumyzyň Döwlet hor toparynyň gyzlarynyň ussatlygy çykyşyň ýatda galyjy pursatlara beslenmegini şertlendirdi.

Gadymy we hemişe juwan «Küştdepdi» tansy halkymyzyň geçmiş taryhyndan pursatlary we bagtyýar häzirki döwrüni baglanyşdyrýan sungat eseri bolup durýar. Onda milli we umumadamzat gymmatlyklary öz beýanyny tapýar. Artistleriň sazlaşykly çykyşynda döwürleriň we nesilleriň, taryh bilen häzirki zamanyň arabaglanyşygy, halkymyzyň baý ruhy mirasy aýdyň duýulýar.

«Baky Bitarap sen, berkarar Watan!» atly aýdym baýramçylyk konsertiniň özboluşly jemlemesine öwrüldi.

Teswirler
Teswir ýazmak üçin içeri giriň ýa-da registrasiýa boluň