Top.Mail.Ru

Soňky habarlar

Arhiw

«Ahal» taryhynda dördünji gezek Türkmenistanyň kubogyna mynasyp

15:2512.12.2022
0
30989

“Ahal” topary futbol çempionatymyzydaky çempionlyklarynyň üstüni Kubok bäsleşigindäki ýeňişleri bilen ýetirdiler. “Ahal” topary bu abraýa Türkmenbaşy şäheriniň “Şagadamyndan” üstün çykyp gazandylar.

Paýtagtymyzdaky “Nusaý” stadionynda geçirilen aýgytlaýjy duşuşykda “Ahal” garşydaşyndan 5:0 hasabynda üstün çykmagy başardy. “Ahal” toparynyň Kubok bäsleşigindäki ýeňşini baş tälimçi Mergen Orazowyň ýolbaşçylygynda gazanandygyny bellemek gerek.

Ýeri gelende bellesek, “Ahal” topary taryhynda dördünji ýola ýurdumyzyň Kubok bäsleşiginde ýeňşini baýram etdi. Topar mundan öň 2013-nji, 2014-nji hem-de 2017-nji ýyllarda ýurdumyzyň Kubok bäsleşiginde ýeňiş gazanypdy.

“Ahal” topary finala barýan ýolda “Merw” bilen “Altyn Asyr” toparlaryny, “Şagadam” bolsa “Energetik” hem-de “Aşgabat” toparlaryny ýeňmegi başarypdy.

Ýeňiji bolan topara baýraklary Türkmenistanyň Futbol federasiýasynyň Baş sekretary Annabaýram Durdymämmedow gowşurdy.

“Ahal” toparynyň wagtyndan öň ýurdumyzyň futbol çempionatynda ýeňiji bolandygy bellärliklidir. “Ahal” bu abraýa taryhynda ilkinji gezek mynasyp boldy.

Türkmenistanyň Kubogy ugrundaky bäsleşigiň final duşuşygy:
“Şagadam” – “Ahal” – 0:5
Gollar: 15 Şanazar Tirkişow, 59 Didar Durdyýew, 62 Ýunus Orazmämmedow (öz derwezesine), 74 Elman Tagaýew, 85 Resul Hojaýew (“Ahal”)
Bellik: 30-njy minutda Ybraýym Mämmedow (“Ahal”) 11 metrlik jerime urgusyny dürs ýerine ýetirip bilmedi.
Duýduryşlar: 12 Nazar Towakelow, 24 Farhat Italmazow, 61 Elýas Akyýew, 73 Ýunus Orazmämmedow (“Şagadam”) – 39 Didar Durdyýew, 41 Meýlis Diniýew (“Ahal”)
Meýdandan çykarylanlar: 34 Mekan Aşyrow (“Şagadam”) – 34 Abdy Bäşimow (“Ahal”)
Geçirilýän ýeri: “Nusaý” stadiony (Aşgabat ş.)
Başlanýan wagty: 14:00
Duşuşygyň emini: Resul Mämmedow (Aşgabat ş.)
Kömekçi eminler: Akmyrat Gurbanow (Aşgabat ş.), Babanazar Haknazarow (Aşgabat ş.)
Ätiýaçdaky emin: Jumamyrat Jumamyradow (Aşgabat ş.)
Gözegçi emin: Hudaýnazar Rejepow (Aşgabat ş.).

Teswirler
Teswir ýazmak üçin içeri giriň ýa-da registrasiýa boluň