Top.Mail.Ru

Soňky habarlar

Arhiw

Türkmenistanda «Dialog — parahatçylygyň kepili» atly halkara maslahat geçirildi

22:1511.12.2022
0
17222
Türkmenistanda «Dialog — parahatçylygyň kepili» atly halkara maslahat geçirildi
Surat: turkmenistan.gov.tm

11-nji dekabrda Prezident Serdar Berdimuhamedowyň başlangyjy boýunça Aşgabadyň «Ýyldyz» myhmanhanasynda Halkara Bitaraplyk güni we Türkmenistanyň hemişelik Bitaraplyk derejesine eýe bolmagynyň 27 ýyllygy mynasybetli «Dialog — parahatçylygyň kepili» atly halkara maslahat geçirildi.

Bellenilişi ýaly, Prezident Serdar Berdimuhamedowyň degişli Kararyna laýyklykda, Türkmenistanyň Daşary işler ministrliginiň BMG-niň düzümleri bilen bilelikde guramagynda geçirilen bu maslahata abraýly halkara we sebitara guramalaryň, Birleşen Milletler Guramasyna agza ýurtlaryň döwlet edaralarynyň ýolbaşçylarydyr wekilleri, görnükli jemgyýetçilik we syýasy işgärler, halkara bilermenler çagyryldy.

«Watan» habarlar gepleşiginde habar berlişi ýaly, forumyň ýokary derejede geçirilen umumy mejlisine Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasarlary, Milli Geňeşiň agzalary, pudaklaýyn dolandyryş edaralarynyň ýolbaşçylary, ýurduň we daşary ýurtlaryň diplomatlary — Türkmenistanyň daşary ýurtlardaky diplomatik missiýalarynyň hem-de daşary döwletleriň Türkmenistanda işleýän diplomatik wekilhanalarynyň, abraýly halkara guramalaryň, şol sanda BMG-niň we onuň ýöriteleşdirilen düzümleriniň ýolbaşçylary we wekilleri, jemgyýetçilik guramalarynyň hem-de köpçülikleýin habar beriş serişdeleriniň wekilleri gatnaşdylar. Foruma çagyrylan hormatly myhmanlaryň hatarynda şanly senäniň öňüsyrasynda Aşgabatda geçirilen halkara we sebitara çärelere, şol sanda Merkezi Aziýa ýurtlarynyň zenanlarynyň dialogynyň mejlisine gatnaşyjylar hem bar.

Halkara maslahatyň başynda BMG-niň Baş sekretary Antoniu Guterrişiň foruma gatnaşyjylara iberen gutlagy uly üns bilen diňlenildi, ony BMG-niň Türkmenistandaky hemişelik utgaşdyryjysy Dmitriý Şlapaçenko okady. Iri we iň abraýly halkara guramanyň ýolbaşçysynyň öz gutlagynda belleýşi ýaly, 2017-nji ýylda Birleşen Milletler Guramasynyň Baş Assambleýasy parahatçylygy saklamak bilen durnukly ösüşi ilerletmegiň arasynda baglanyşygyň bardygyny belläp, 12-nji dekabry «Halkara Bitaraplyk güni» diýip yglan etdi. Şunuň bilen baglylykda, Bitaraplyk ýörelgeleriniň ýurtlaryň arasynda parahatçylykly, dostlukly we özara bähbitli gatnaşyklar üçin möhüm ähmiýetiniň bardygy bellenildi. Gutlagda Birleşen Milletler Guramasy we BMG-niň Merkezi Aziýa üçin öňüni alyş diplomatiýasy boýunça sebit merkezi bilen hyzmatdaşlygy yzygiderli ösdürýändigi üçin Türkmenistanyň Hökümetine we halkyna tüýs ýürekden hoşallyk bildirip, Antoniu Guterriş geljek ýyllarda hem däp bolan hyzmatdaşlygyň üstünlikli dowam etdiriljekdigine, parahatçylygy, adamlaryň hukugyny pugtalandyrmak babatda bilelikdäki işleriň yzygiderli alnyp baryljakdygyna ynam bildirýär.

Soňra foruma gatnaşýanlaryň çykyşlary diňlenildi. Garaşsyz, Bitarap Türkmenistanyň halkara gatnaşyklary berkitmekde möhüm orun eýeleýändigini nygtap, daşary ýurtlaryň wekilleri, halkara guramalaryň ýolbaşçylary onlaýn we beýleki görnüşlerde çykyş etdiler.

Forumyň dowamynda edilen köp sanly çykyşlar Türkmenistanyň hemişelik Bitaraplyga eýe bolanyndan bäri geçen 27 ýylyň dowamynda baý tejribe toplandygynyň tassyklanmasy boldy.

Plenar mejlis tamamlanandan soň, günüň ikinji ýarymynda, «Dialog — parahatçylygyň kepili» atly halkara maslahat mowzuklaýyn mejlisleriň üçüsiniň çäklerinde dowam etdi. Olar hem garyşyk görnüşde geçirildi. Mejlisleriň birinjisi «Dialog — öňüni alyş işiniň we gapma-garşylyklary aradan aýyrmagyň guraly» diýen at bilen geçirildi. Onuň dowamynda milli gymmatlyklary dikeltmegiň ýollary, parahatçylykly garaýyşlar we däp-dessurlary saklamak, dünýäniň medeniýet ulgamynyň ählumumy Jarnamasynda beýan edilen ugurlar bilen baglanyşykly meseleler boýunça gyzyklanma bildirilýän pikir alyşmalar boldy.

Ikinji mowzuklaýyn mejlis «Dialog arkaly azyk we ekologiýa howpsuzlygyny pugtalandyrmak» ady bilen geçirildi. Ol azyk howpsuzlygynyň özara arabaglanyşygy, howanyň üýtgemegi, durnukly ösüş, ýurtlaryň uýgunlaşmak ukybyny ýokarlandyrmak we howanyň üýtgemeginiň täsirine garşy durmak ýaly ugurlary öz içine aldy.

Üçünji mejlis «Maglumat giňişliginde köptaraply hyzmatdaşlyk we milletara gatnaşyklary ýola goýmakda maglumat ulgamynyň orny» diýen at bilen geçirilip, onuň dowamynda medeni gatnaşyklaryň we parahatçylygyň üpjün edilmegine ýardam bermek bilen baglanyşykly çärelere degişli meseleler boýunça pikir alşyldy.

Ýörite mejlisleriň işleriniň netijeleri boýunça Jemleýji resminama kabul edildi.

Halkara maslahat tamamlanandan soňra, oňa gatnaşyjylaryň pudaklaýyn dolandyryş edaralarynyň wekilleri bilen duşuşyklary geçirildi.

Teswirler
Teswir ýazmak üçin içeri giriň ýa-da registrasiýa boluň