Prezident Serdar Berdimuhamedow Türkmenistanyň halkynyň we Hökümetiniň adyndan, şeýle hem hut öz adyndan Indoneziýa Respublikasynyň Prezidenti Joko Widodo we bu ýurduň ähli halkyna Türkmenistan bilen Indoneziýa Respublikasynyň arasynda diplomatik gatnaşyklaryň ýola goýulmagynyň 30 ýyllygy mynasybetli tüýs ýürekden gutlaglaryny we iň gowy arzuwlaryny iberdi. Bu barada «Türkmenistan» gazeti habar berýär.
Habarda bellenilişi ýaly, türkmen döwletiniň Baştutany iki ýurduň arasyndaky gatnaşyklaryň birek-birege hormat goýmaga, deňhukuklylyga hem-de özara ynanyşmaga esaslanýandygyny belläp, Türkmenistanyň ikitaraplaýyn gatnaşyklaryň giňeldilmegine gyzyklanma bildirýändigini nygtady we döwletara hyzmatdaşlygyň bilelikdäki tagallalaryň netijesinde iki halkyň bähbidine mundan beýläk-de ösdüriljekdigine ynam bildirdi.
Prezident Serdar Berdimuhamedow ýakymly mümkinçilikden peýdalanyp, Prezident Joko Widodo tüýs ýürekden berk jan saglyk, bagtyýarlyk we rowaçlyk, Indoneziýa Respublikasynyň halkyna bolsa ösüş, abadançylyk arzuw etdi.