Soňky habarlar

Arhiw

«Türkmendemirýollarynyň» Russiýada wekilhanasy açylar

10:1709.12.2022
1
80492
«Türkmendemirýollarynyň» Russiýada wekilhanasy açylar
Surat: newscentralasia.net

Moskwada geçirilen Ykdysady hyzmatdaşlyk boýunça hökümetara türkmen-rus toparynyň nobatdaky mejlisiniň çäklerinde «Türkmendemirýollary» agentliginiň başlygy Azat Atamyradow we «Russiýademirýollarynyň» (ОАО «РЖД») baş müdiri Oleg Belozýorow 2023 — 2025-nji ýyllar üçin hyzmatdaşlygy ösdürmek Maksatnamasyna gol çekdiler. Bu resminamada, hususan-da, ýurtlaryň arasynda yzygiderli konteýner hyzmatyny guramak göz öňünde tutulýar diýip, rus kompaniýasynyň metbugat gullugy habar berýär.

Bellenilişi ýaly, maksatnama Türkmenistana we Russiýa «Demirgazyk — Günorta» halkara ulag geçelgesiniň gündogar ugry boýunça ýük daşamak we logistika hyzmatlaryny ösdürmekde netijeli hyzmatdaşlyk etmäge mümkinçilik berer. Şeýle hem resminamada gysga wagtyň içinde iki döwletiň arasynda oba hojalyk önümleriniň, çig mallaryň we senagat önümleriniň iberilmegini üpjün etjek ýörite otlynyň işe girizilmegi göz öňünde tutulýar.

Maksatnama laýyklykda, sanly tehnologiýalar, işgärleri taýýarlamak, demirýollary döwrebaplaşdyrmak we täzeden gurmak bilen bagly meselelerde ikitaraplaýyn hyzmatdaşlyk ösdüriler. Mundan başga-da, resminamada «Türkmendemirýollary» agentliginiň Russiýada we «Russiýademirýollarynyň» Türkmenistanda wekilhanalaryny açmak mümkinçiligi göz öňünde tutulýar.

Şeýle-de okaň:

Teswirler
Teswir ýazmak üçin içeri giriň ýa-da registrasiýa boluň