Soňky habarlar

Arhiw

Türkmenistanda ilkinji gezek halkara ekologiýa olimpiadasy geçirildi

14:2108.12.2022
0
40480

Türkmenistanda ilkinji gezek S.A.Nyýazow adyndaky Türkmen oba hojalyk uniwersitetiniň guramagynda Ekologiýa boýunça açyk halkara internet olimpiadasy geçirildi.

«Нейтральный Туркменистан» gazetinde habar berlişi ýaly, dünýäniň 15 ýurdunyň 40 sany ýokary okuw mekdebinden 150 töweregi wekil olimpiadanyň daşary ýurtly gatnaşyjylary boldy.

Olimpiada Türkmenistanyň ýokary okuw mekdepleriniň 24-sinden ýüzden gowrak talyp gatnaşdy. Gatnaşanlaryň bilim derejeleri halkara eminler topary tarapyndan bahalandyryldy.

Olimpiadanyň netijelerine görä 90-dan gowrak ýeňiji kesgitlenildi, şolardan 16-sy birinji orna mynasyp boldular.

Türkmen talyplary bäsleşigiň iň gowularynyň hataryna girdi:

  • S.A.Nyýazow adyndaky Türkmen oba hojalyk uniwersitetinden A.Gutyýew we N.Guwanjow;
  • Magtymguly adyndaky Türkmen döwlet uniwersitetinden A.Şamyradow;
  • Türkmenistanyň Oguz Han adyndaky inžener-tehnologiýalar uniwersitetinden L.Jangulyýewa we S.Serdarow;
  • Türkmenistanyň Inžener-tehniki we ulag kommunikasiýalary institutyndan R.Orazgeldiýew.
  • Birinji orna mynasyp bolanlaryň arasynda Russiýanyň iki uniwersitetinden bäş talyp bar: Perm milli gözleg politehniki uniwersiteti we W.N.Tatişewiň adyny göterýän Astrahan döwlet uniwersiteti.
  • Birinji orny Belarus döwlet oba hojalyk akademiýasynyň, Tenaga milli uniwersitetiniň (Malaýziýa), Wengriýanyň iki döwlet uniwersiteti — Debrecen we Peks uniwersitetiniň talyplary hem gazandy.
  • Öňdeligi eýelänleriň arasynda Türkiýäniň Usak döwlet uniwersitetiniň talyplary hem bar.

Gatnaşyjylaryň 77-si ikinji we üçünji orunlara mynasyp boldular.

Ozal S.A.Nyýazowyň adyndaky Türkmen oba hojalyk uniwersiteti olimpiadany guraýjy hökmünde Türkmenistanyň we daşary ýurt ýokary okuw mekdepleriniň talyplaryny ekologiýa boýunça ilkinji Açyk halkara internet olimpiadasyna gatnaşmaga çagyrýandygy barada habar beripdik.

Şeýle-de okaň:

Teswirler
Teswir ýazmak üçin içeri giriň ýa-da registrasiýa boluň