TÝL ― 2022: «Altyn asyr» «Köpetdagdan» asgyn geldi

19:0007.12.2022
0
16150

«Altyn asyr» Türkmenistanyň futbol çempionatynyň 25-nji tapgyrynda «Köptdagdan» 1:2 hasabynda asgyn geldi.

«Köpetdagyň» gollaryny Serdar Baýramow (83) bilen Begenç Akmämmedow (87) geçirdi. «Altyn asyryň» ýeke-täk goluny bolsa Altymyrat Annadurdyýew geçirdi.

Şeýlelikde, «Altyn asyr» möwsümde ikinji gezek ýeňildi. Bu ýeňlişden soň 52 utukda galan «aragatnaşykçylar» tapgyrda «Ahalyň» hem ýeňiş gazanmagy bilen çempionlyk umydyny doly ýitirdi. Dördünji orundaky «Köpetdag» utugyny 38-e çykardy.

Heniz möwsüm tamamlanmanka, «Ahalyň» taryhynda ilkinji gezek Türkmenistanyň çempiony bolandygyny ýatladýarys.

Teswirler
Teswir ýazmak üçin içeri giriň ýa-da registrasiýa boluň