Soňky habarlar

Arhiw

Gyrgyzystan Hazaryň türkmen porty arkaly Russiýa bilen ulag aragatnaşygyny ýola goýmak isleýär

19:4507.12.2022
0
47224

Gyrgyz Respublikasynyň ulag we aragatnaşyk ministri Tilek Tekebaýew şu aýyň başyna Türkmenistana amala aşyran resmi saparynyň dowamynda ýurduň ulag toplumynyň wekilleri bilen ikitaraplaýyn duşuşyklary geçirdi. Duşuşyklaryň barşynda Gyrgyzystan — Özbegistan — Türkmenistan (Türkmenbaşy Halkara deňiz porty) — Russiýa Federasiýasy (Astrahan porty) multimodal ugry döretmek, şeýle hem ýük daşamakda ikitaraplaýyn hyzmatdaşlyk meseleleri ara alnyp maslahatlaşyldy diýip, Gyrgyzystanyň Ulag we aragatnaşyk ministrligi tarapyndan habar berildi.

Gyrgyz ministri saparynyň çäklerinde Türkmenbaşy Halkara deňiz portuna baryp, ol ýerde «Türkmendeňizderýaýollary» agentliginiň başlygy Annadurdy Kösäýew bilen duşuşdy. Duşuşykda taraplar Gyrgyzystandan başlap, Özbegistanyň hem-de Türkmenbaşy Halkara deňiz portunyň üsti bilen Russiýanyň Astrahan portuna çenli uzalyp gidýän ulag ugrunyň mümkinçiliklerini ara alyp maslahatlaşdylar. T.Tekebaýewiň bellemegine görä, rus tarapy bu geçelge üçin paromlar bilen üpjün etmäge taýyn.

Duşuşygyň dowamynda türkmen tarapy hem birnäçe tekliplerini mälim etdi. Olaryň hatarynda harytlary daşamagy ýeňilleşdirmek, bu babatda ýük daşaýan gämileri ulanmak, şeýle hem portuň çäginde gümrük geçelgesinde harytlary saklamak bilen baglanyşykly teklipler bar.

Gyrgyzystan tarapyndan teklip edilýän multimodal ugry döretmegiň mümkinçilikleri dogrusyndaky ara alyp maslahatlaşmalar Aşgabatda Tilek Tekebaýewiň Türkmenistanyň Ministrler Kabinetiniň ýanyndaky Ulag we kommunikasiýalar agentliginiň Baş direktory Mämmethan Çakyýew bilen geçirilen gepleşiklerde hem dowam etdirildi.

Hususan-da, türkmen tarapy bu geçelgäniň taslamasyna garamak üçin Türkmenistanyň, Russiýanyň, Özbegistanyň we Gyrgyzystanyň gatnaşmagynda dörttaraplaýyn duşuşygy guramagyň zerurdygyny öňe sürdi. Mundan başga-da, taraplar Türkmenistanyň we Russiýanyň deňiz portlaryny ulanmak arkaly degişli ýurtlaryň gatnaşmagynda hyzmatdaşlyk Ähtnamasyna gol çekmegiň mümkinçiliklerini hem ara alyp maslahatlaşdylar. Şeýle-de duşuşygyň gün tertibine laýyklykda, Türkmenistanyň çäginde gyrgyz awtomobil ýük daşaýjylary üçin amatly ýük geçiriş ýagdaýynyň döredilmegi we ýurduň çäginde üstaşyr ýük geçiriş ýygymlarynyň aradan aýrylmagy bilen bagly meselelere hem seredilip geçildi.

Teswirler
Teswir ýazmak üçin içeri giriň ýa-da registrasiýa boluň