Soňky habarlar

Arhiw

Morokka garaşylmadyk ýagdaýda Ispaniýany utup, dünýä çempionatynyň çärýek finalyna çykdy

23:3706.12.2022
0
27051

Dünýä çempionatynyň 1/8 finalynda Ispaniýanyň milli ýygyndysy Marokkanyň milli ýygyndysy bilen duşuşdy. Oýnuň esasy we goşmaça wagtynda hasap açylmady.

Şeýlelikde, penaltiden dürs peýdalanan (0:3) Marokkanyň milli ýygyndysy 1/4 finalda oýnamaga hukuk gazandy.

Ispaniýanyň milli ýygyndysy yzly-yzyna üçünji gezek dünýä çempionatynyň çärýek finalyna çykyp bilmedi.

Ispanlar bu tapgyry soňky gezek 2010-njy ýylda ýeňip geçdiler. Şol ýyl bolsa ýaryşyň ýeňijileri boldular.

2014-nji ýyldaky dünýä çempionatynda ispan topary toparçadan çykyp bilmedi we 2018-nji ýyldaky dünýä çempionatynda bolsa 1/8 finalda duşuşykdan soňky geçirilen penaltilerde Russiýanyň ýygyndysyndan utulypdy.

Teswirler
Teswir ýazmak üçin içeri giriň ýa-da registrasiýa boluň