Soňky habarlar

Arhiw

Türkmenistanda Gruziýa bilen diplomatik gatnaşyklaryň 30 ýyllygy mynasybetli konsert geçirildi

10:3905.12.2022
0
17277

Türkmenistanyň Döwlet medeniýet merkeziniň Mukamlar köşgünde Türkmenistan bilen Gruziýa Respublikasynyň arasynda diplomatik gatnaşyklaryň ýola goýulmagynyň 30 ýyllygy mynasybetli baýramçylyk konserti geçirildi. Oňa medeniýet ulgamynyň ýolbaşçylary, diplomatlar, paýtagtyň ýaşaýjylary we myhmanlar gatnaşdylar.

«Hazardan aşyp: gürji aýdym-saz agşamy» diýlip atlandyrylan konsert «Ilkinji söýgi» atly gruzin operasy bilen açyldy. Soňra myhmanlara 50-nji ýyllaryň «Ganacheni» filminden alnan parçalar görkezildi.

Konsertde Resul Gylyjowyň ýolbaşçylygyndaky Türkmenistanyň Döwlet simfoniki orkestriniň ýerine ýetirmeginde gruzin kinolarynyň sazlary bilen birlikde, wokal-horeografik çykyşlar ýerine ýetirildi, «Data Tutashkhia» atly meşhur gruzin filminden parçalar hem ýaňlandy.

Konsertde solistler Maýsa Niýazowa hem-de Mansur Şaripow Rewaz Lagidzeden «Tbiliso — Hymm to Tbilisi» hem-de Aleksandr Basilaýadan «Argo» aýdymlaryny ýerine ýetirdiler.

Çäre Türkmenistanyň Medeniýet ministrliginiň hem-de Gruziýa Respublikasynyň ýurdumyzdaky ilçihanasynyň bilelikde guramagynda geçirildi.

Teswirler
Teswir ýazmak üçin içeri giriň ýa-da registrasiýa boluň