Soňky habarlar

Arhiw

Türkmen hususy kärhanasy 11 tonna çapak balygyny ýerli suw howdanyna goýberdi

10:0805.12.2022
0
22580

Şu güýzde Daşoguz welaýatynyň çägindäki suw howdanlaryna «Ak durna» hususy kärhanasy tarapyndan sazan, tüňňimaňlaý we amur görnüşli 11 tonna çapak balyklary goýberildi.

«Ak durna» hususy kärhanasy balyklary tutmak we olary köpeltmek bilen meşgullanýar. Kärhananyň işiniň gerimi ýaňy-ýakynda «Daşoguzbalyk» döwlet kärhanasynyň hususylaşdyrmagy netijesinde has-da giňedi.

«Türkmenistan: Altyn asyr» neşiriniň habar berşi ýaly, «Ak durna» hususy kärhanasyna degişli birnäçe howuzlar bolup, olarda 40-50 tonna balyk köpeldilýär.

Şeýle-de bu kärhanada ýörite barlag enjamlary bilen enjamlaşdyrylan 5 sany döwrebap inkubator hem-de 8 sany howuz bar.

Her ýyl ýerli suw howdanlaryna bu kärhanada köpeldilen çapak balyklar goýberilip, sebitleriň balyk gorlary artdyrylýar.

Teswirler
Teswir ýazmak üçin içeri giriň ýa-da registrasiýa boluň