Soňky habarlar

Arhiw

13-14-nji dekabrda üçtaraplaýyn Awaza sammiti geçiriler

23:1203.12.2022
0
41623

Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedowyň, Türkiýäniň Prezidenti Rejep Taýyp Ärdoganyň hem-de Azerbaýjanyň Prezidenti Ilham Aliýewiň gatnaşmagyndaky sammitiň geçiriljek senesi belli boldy. Üçtaraplaýyn Awaza sammiti 13-14-nji dekabr aralygynda «Awaza» milli syýahatçylyk zolagynda geçiriler diýip, TDH habar berdi.

Sammiti geçirmek baradaky Karara Türkmenistanyň Prezidenti öu gün gol çekdi. Resminama laýyklykda, Türkmenistanyň Prezidentiniň Diwanynyň Iş dolandyryş müdirligine Daşary işler ministrligi bilen bilelikde ýokary derejeli üçtaraplaýyn sammit geçirmek tabşyryldy.

Habar berilmegine görä, üçtaraplaýyn Awaza sammitinde möhüm şertnamalaryň birnäçesine gol çekilmegine garaşylýar. Şeýle hem üçtaraplaýyn duşuşygyň öňüsyrasynda Türkmenistanda energetika, ulag we daşary işler ministrleriniň duşuşygy geçiriler.

Ozal Türkiýäniň daşary işler ministri Mewlüt Çawuşoglunyň sözlerine salgylanyp, Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedowyň 2023-nji ýylyň başynda Türkiýä saparynyň meýilleşdirilýändigini habar beripdik.

Teswirler
Teswir ýazmak üçin içeri giriň ýa-da registrasiýa boluň