Soňky habarlar

Arhiw

2023-nji ýylyň başynda Türkmenistanyň Prezidentiniň Türkiýä sapary meýilleşdirilýär

19:0128.11.2022
0
21677

2023-nji ýylyň başynda Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedowyň Türkiýe Respublikasyna sapary meýilleşdirilýär. Bu barada Türkiýäniň daşary işler ministri Mewlüt Çawuşoglu Türkmenistanyň daşary işler ministri Raşid Meredow bilen Ankarada geçirilen gepleşiklerden soň metbugat ýygnagynda mälim etdi diýip, «Andolu» habar berýär.

Şeýle hem dostlukly ýurduň daşary syýasat edarasynyň ýolbaşçysy metbugat ýygnagynda Türkiýe bilen Türkmenistanyň ýakyn geljekde has ýakyn hyzmatdaşlygyň möhümdigi babatda pikirdeşdigini aýtdy.

Türkmenistanyň daşary işler ministri Raşid Meredow bilen geçirilen gepleşikleriň çäginde ikitaraplaýyn gatnaşyklar we sebitleýin meseleler ara alnyp maslahatlaşyldy diýip, Çawuşoglu belläp geçdi. Şunuň bilen birlikde, ol 21 ýyl bäri Türkmenistanyň Daşary işler ministrligine ýolbaşçylyk edip gelýän Raşid Meredowy dünýäniň iň tejribeli diplomatlarynyň biri hasaplaýandygyny mälim etdi hem-de türkmen kärdeşini 2023-nji ýylyň aprelinde Antalýada geçiriljek Diplomatik foruma gatnaşmaga çagyrdy.

Teswirler
Teswir ýazmak üçin içeri giriň ýa-da registrasiýa boluň