Top.Mail.Ru

Soňky habarlar

Arhiw

Türkmenistanda lukmanlaryň jemgyýetçilik guramasy döredildi

22:5902.12.2022
0
24367

Bu barada şu gün sanly ulgam arkaly geçirilen Hökümet mejlisinde Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary N.Amannepesowyň hasabatynda aýdyldy.

Wise-premýeriň Türkmenistanyň lukmanlarynyň jemgyýetçilik guramasynyň işi baradaky hasabatynda beýan edilişi ýaly, bu gurama «Jemgyýetçilik birleşikleri hakynda» Türkmenistanyň Kanunyna laýyklykda döredildi. Onuň esasy maksady raýatlaryň saglygyny goramaga bolan hukugynyň üpjün edilmegine gatnaşmakdan, bu ugurda alnyp barylýan işler boýunça döwlet maksatnamalaryny durmuşa geçirmekden ybaratdyr.

Şonuň bilen baglylykda, häzirki döwürde bu guramanyň wezipesi milli saglygy goraýyş ulgamynyň işiniň kämilleşdirilmegini, ýola goýulýan lukmançylyk hyzmatlarynyň dünýä ülňülerine laýyklykda hiliniň ýokarlanmagyny we ýokary derejeli lukmanlaryň taýýarlanmagyny öz içine alýar.

Prezident Serdar Berdimuhamedow hasabaty diňläp, Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwrüniň beýik maksatlaryny we wajyp wezipelerini durmuşa geçirmekde jemgyýetçilik guramalaryna möhüm ornuň degişlidigini belledi.

Döwlet Baştutany milli saglygy goraýyş ulgamyny mundan beýläk-de ösdürmegiň möhüm ugurlaryna ünsi çekip, wise-premýere ýurtda amaly we ylmy lukmançylygyň işiniň kämilleşdirilmegine goldaw bermek üçin döredilen bu guramanyň sazlaşykly işlemegini üpjün etmegi tabşyrdy.

Teswirler
Teswir ýazmak üçin içeri giriň ýa-da registrasiýa boluň